Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Ahmet Çalygy kabul etdi

  • 03.11.2025 11:16
  • 8.9k+

2-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Işewür Balkan welaýatynda täze desgalaryň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralarynyň Türkmenistanyň barha artýan ykdysady kuwwatyna şaýatlyk edýändigini belledi. Ahmet Çalyk ata Watany Türkmenistanda giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmäge goşant goşmagyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow energetika ulgamyndaky taslamalara ünsi çekip, häzirki wagtda Hazaryň türkmen kenarynda gurluşygy dowam edýän, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen goňşy döwletlere, şol sanda doganlyk Türkiýä we şol ýerden beýleki ýurtlara eksport etmek mümkinçiligini döretjekdigini belledi.
Döwlet Baştutany Balkan welaýatynda gurluşygyna badalga berlen, kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmäge ukyply toplumyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde uly ähmiýete eýedigini aýdyp, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň mundan beýläk-de täze, döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanda döwlet ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirjekdigine ynam bildirdi.


düýn 22:20
2.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....