TikTok-da uzyn widolary dik wideolara öwürmek üçin gural peýda bolar

  • 04.11.2025 15:02
  • 3.1k+

TikTok programmasynda awtomatik taýdan uzyn wideolary gysga dik wideolara öwrüp bilýän täze emeli aň guraly peýda bolar diýip, The Verge habar berýär.

Smart Split atly funksiýa bir minutdan gowrak dowam edýän wideolar üçin niýetlenýär we podkastlar hem wideobloglar üçin has peýdaly bolar. Guralyň kömegi bilen emeli aňyň özi ahyrky wideonyň dowamlylygyny saýlaýar, subtitr goşýar we wideony dik formata laýyklaýar. Smart Split-i TikTok Studio web-platformasynda barlap bolar.
Smart Split TikTok-yň täze mümkinçilikleriniň biri bolar. Mundan başga-da, kompaniýa tabşyrylan tema boýunça wideonyň meýilnamasyny düzýän AI Outline funksiýasyny yglan etdi. Ol awtorlara goşmaça sözbaşy düzmäge, heşteg saýlamaga, ssenariý pikirlerini teklip etmäge kömek eder. Bu funksiýa häzirlikçe diňe käbir ýurtlarda we 18 ýaşdan uly awtorlara elýeterlidir. ABŞ-da we Kanadada ony eýýäm ulanyp bolýar, ýakyn hepdelerde giňden ýaýratmak meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, TikTok tölegli agzalary bolan awtorlar üçin girdejileri paýlamagyň täze ulgamyny girizdi. Bir aýda 100 müň tomaşa ýygnan we diňe tölegli agzalar üçin azyndan üç wideo hödürlän 10 müňden gowrak agzasy bolan blogerler her aý goşmaça töleg alyp biler. 


26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

13.05.2026 20:01
4.4k+

TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek......

27.03.2026 17:36
6.8k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......