Lexus kompaniýasy kaşaň jaýlary we gämileri gurup başlar

  • 04.11.2025 18:46
  • 6.1k+

Lexus kompaniýasy Japan Mobility Show sergisinde diňe bir LS awtomobilleriniň futuristik konseptini däl, eýsem ulaglaryň çäginden çykýan ösüş strategiýasyny görkezdi. Indi kompaniýa gämilere, binagärlige we ýaşaýyş jaýlarynyň dizaýnyna ünsi jemleýär.

Esasy eksponatlaryň biri ekipažsyz syýahat üçin döredilen awtonom katamaran gämisi boldy. Gämi Gün panelleri bilen örtülen bolup, bu onuň ýüzüş wagty energiýa almagyny üpjün edýär. Interýer kaşaň willanyň salonyny ýada salýar: panorama aýnalary, aýlawly basgançak we sekiz adamlyk uly stol giňişlik we rahatlyk duýgusyny döredýär. Awtonom tehnologiýalaryň netijesinde gämi eýeleri gizlinlikden lezzet alyp, ummany arkaýyn aýlanyp biler.



Şeýle-de, kompaniýa kaşaň Lexus House ýaşaýyş toplumynyň konseptini hödürledi. Ýiti çyzyklar, tebigy agaç, poldan potologa çenli aýna paneller we biri-biri bilen artykmaç diwarsyz birleşdirilen beýik potolokly otaglar döwrebap dizaýny görkezýär. Ýokarky gat awtomobiller üçin galereýa hökmünde döredildi we bu ýerde ulaglar interýeriň bir bölegine öwrülýär. Brendiň özi bu jaýy duýgularyň, dizaýnyň we tehnologiýanyň bir ýere jemlenen giňişligi hökmünde häsiýetlendirýär.


Mundan başga-da, Lexus Hub – dükanlary, sungat zolaklaryny, restoranlary, çagalar idegini we hatda uçýan Joby taksisi üçin gonuş meýdançasyny öz içine alýan futuristik jemgyýetçilik giňişligi hödürlendi. Ik görnüşli dizaýn, gaýtadan dikeldilýän agajyň ulanylmagy we tebigy ýagtylygy içine goýberýän dury üçek daşky gurşaw bilen baglanyşyk duýgusyny döredýär.
Şeýlelikde, Lexus awtomobiller bilen çäklenmegini bes edýär we her bir elementi brendiň Omotenashi (hakyky myhmansöýerlik) filosofiýasyny janlandyrýan kaşaň durmuş ýörelgesiniň tutuş bir dünýäsini döredýär. 


07.06.2026 19:49
3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....

11.05.2026 18:31
5.3k+

Lexus ilkinji üç hatarly TZ krossowerini tanyşdyrdy: 6 orun, 420 at güýji we 480 km ýol ätiýaçlygy

Lexus öz taryhynda ilkinji gezek üç hatar oturgyçly, doly göwrümli elektrikli krossoweri bolan TZ modelini tanyşdyrdy....