ABŞ-da bir aý bäri hökümet işiniň togtadylmagy sebäpli kompaniýalar 12 mlrd dollar ýitirdi

  • 03.11.2025 12:42
  • 11k+

ABŞ-da federal edaralar bilen işleýän kompaniýalar hökümet işiniň togtadylmagy sebäpli ilkinji dört hepdede 12 mlrd dollar ýitirdi.

Kongresiň deputatlaryna berlen ABŞ-nyň Söwda palatasynyň hasabatyna görä, 65 500 töweregi kiçi kärhana şatdaun başlany bäri her hepde, takmynan, 3 mlrd dollar ýitirýär.
Hökümet işiniň bes edilmeginden, esasan, ýokary tehnologiýaly enjamlar, ofis harytlary we landşaft dizaýny boýunça hyzmatlar bilen üpjün edijiler zyýan çekdi. Döwlet potratçylary üçin agyr ýagdaý Merilendde we Wirjiniýada hasaba alynýar, ýöne Alabama, Kaliforniýa, Florida we Tehas ýaly beýleki ştatlarda hem 1-nji oktýabrdan, şatdaun başlany bäri girdejisi pese gaçan kompaniýalar köp.
Söwda palatasy kompaniýalar ýene işläp biler ýaly Kongresi gysga möhletli maliýeleşdirme barada kanun taslamasyny kabul etmäge çagyrdy. Çünki, federal işgärlerden tapawutlylykda, telekeçileriň hukuk goragy ýok we işsiz galandygy üçin öwez tölegini almaýar.
Wekiller palatasynyň respublikanlar tarapyndan goldanan hökümeti wagtlaýyn maliýeleşdirmek baradaky kanun taslamasyna Senatda 13 gezek seredildi, ýöne her gezek zerur 60 sesi ýygnamady. Demokratlar hem, öz gezeginde, elýeterli lukmançylyk hyzmatlary baradaky kanunyň çäklerinde lukmançylyk ätiýaçlandyryşy üçin şu ýyl möhleti gutarýan giňeldilen salgyt ýeňillikleriniň uzaldylmagyny gazanmaga çalyşýar diýip, CNBC habar berýär. 


düýn 19:47
847

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.3k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......