Mercedes-Benz täze Sprinter-i “daş heýkel” görnüşinde yglan etdi

  • 04.11.2025 10:11
  • 4.9k+

Mercedes-Benz Sprinter furgonynyň täze neslini adaty bolmadyk görnüşde tanyşdyrdy. Kompaniýa adaty suratlaryň ýerine The Boulder atly heýkeli görkezdi — ol furgonyň şekilleri çykyp duran uly harsaň daşa meňzeýär.

Heýkeliň ölçegleri: uzynlygy 6,5 metr, ini - 2,5 metr we beýikligi - 2,75 metr. Eger bu görnüş hakyky ululyk hökmünde kabul edilse (kompaniýa muny gönüden-göni tassyklanok), onda geljekki modeliň gabaralary barada takmynan netije çykarmak bolýar. Mercedes-Benz täze Sprinter-iň dürli uzynlykda, teker bazasynda we agram bahalarynda, şeýle hem ýolagçy wersiýalarynda we bort platformaly görnüşinde elýeterli boljakdygyny mälim etdi.
Heýkeliň sypaty we käbir aýratynlyklary boýunça, täze nesilde yzky diwaryň has dik, kapotynyň bolsa häzirki modellen deňeşdirilende has tekizdigini çaklamak bolýar. Radiator gözeneginiň şekili bolsa GLC elektrik krossowerinde ulanylýan dizaýna ýakyndyr.
Indiki nesil Sprinter iki platformada çykarylar: elektrik modelleri üçin Van.EA, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili wersiýalar üçin bolsa Van.CA. Mundan başga-da, täze MB.OS operasion ulgamynyň hasabyna model hatary sanly tehnologiýalar we birikdirilen hyzmatlar boýunça has ösen bolar.
Mercedes-Benz sentýabryň ahyrynda önümçilikden öňki VLE elektrowenleriniň ýygnalyp başlandygyny mälim edipdi. Bu modeliň doly tanyşdyrylyşy indiki ýylyň birinji ýarymynda meýilleşdirilýär. Täze Sprinter bolsa, öňki çaklamalara görä, biraz soňrak görkeziler.


şu gün 12:20
594

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.3k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....