Näme üçin suratkeşler dünýäni başgaça görýärler: alymlar muny beýniniň aýratynlyklary bilen düşündirdiler

  • 04.11.2025 09:35
  • 3.3k+

Amerikaly alymlar suratkeşlik ukyby bolan adamlaryň töweregindäki dünýäni üýtgeşik görnüşde kabul edýändigini anykladylar.

2024-nji ýylda alymlar iki topar talyplaryň gatnaşmagynda ýörite barlag geçirdiler. Birinji toparda döredijilik ugruny ýöriteleşen ABŞ-nyň öňdebaryjy okuw jaýlarynyň biri bolan Pratt institutynyň 40 talyby bardy. Ikinji toparda bolsa döwlet uniwersitetiniň dürli ugurlar boýunça okaýan 41 talyby gatnaşdy.
Meýletinçilerden wizual maglumatlary gaýtadan işlemek ukybyny barlaýan birnäçe tabşyrklary ýerine ýetirmegi soradylar. Mysal üçin, biri-birinden hereketi boýunça tapawutlanýan obýektleriň jübütlerini tapmak, çylşyrymly nagyşlaryň içindäki ýönekeý şekilleri saýlap görkezmek, şeýle hem portret we natýurmort çekmek ýaly ýumuşlar berildi.
Çekilen suratlaryň takyklygy sungat bilimi bolmadyk adamlaryň gatnaşmagynda bahalandyryldy.
Gözlegiň netijeleri «Psychology of Aesthetics, Creativity, and the Arts» žurnalynda ýerleşdirildi.
Netijelere görä, sungat bilen meşgullanýan talyplar wizual maglumatlary has gowy we çalt kabul edip bilýärler. Şeýle hem gyzykly aýratynlyk ýüze çykaryldy: çylşyrymly şekili göçürip çekende olar ilki bilen suratlaryň umumy gurluşyna üns berýärler, soň bolsa jikme-jikliklere geçýärler. Şeýle çemeleşme, has takyk netije almaga mümkinçilik berýär. Alymlar munuň sebäbini suratkeşleriň umumy ýagdaýy we aýratyn elementlere üns bermek ukybyny deňagramlaýyn saklap bilmegi bilen düşündirýärler.
Indi alymlar bu tapawutlaryň dogabitdi ukyplardan gelip çykýandygyny ýa-da okuw wagtynda kemala gelýän endiklerdigini anyklamagy maksat edinýärler. Şol sebäpli barlaglar dowam etdiriler.


şu gün 10:01
1.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

düýn 19:32
2.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......