Ýaponiýanyň syýahatçylyk agentligi Nýu-Ýork bilen Tokionyň arasynda bir sagatlyk kosmos uçuşlaryny ýola goýar

  • 03.11.2025 12:11
  • 3.8k+

Ýaponiýanyň Nippon Travel syýahatçylyk kompaniýasy uly taslamany işe girizýändigini habar berdi: 2030-njy ýyllara çenli Nýu-Ýork bilen Tokionyň arasynda dowamlylygy bary-ýogy bir sagat bolan kosmos uçuşlary ýola goýlar.

Bu täze hyzmat point-to-point transport diýlip atlandyrylýar we gaýtadan ulanylýan raketalary ösdürýän Innovative Space Carrier Inc. atly startap bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär.
Uçuşyň gidiş-geliş bahasynyň takmynan 657 müň dollara deň boljakdygy aýdylýar.

Uçuşlaryň ummanyň üstündäki ýörite ýüzýän platformalardan amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. Taslamanyň baş maksady — Ýerdäki islendik iki nokady bary-ýogy bir sagatda baglanyşdyrmak.
Häzirki wagtda jikme-jik maglumatlar mälim edilmeýär, ýöne uçuşlar üçin öňünden bronlary 2026-njy ýyldan başlap ýazdyryp bolar. Şeýle hem kompaniýa müşderilere kosmos syýahatynyň aýratynlyklaryny kem-kemden tanyşdyrmak üçin kosmosda ulanylýan azyk tagamlaryny dadyp görmek, ýerüsti tehnologiýa desgalaryna gezelençler ýaly kabir maksatnamalary hem hödürlejekdigini aýdýar.
Bu taslama ýokary tizlikli syýahatyň täze eýýamyny açyp, geljegiň syýahatçylygyna täze mümkinçilikler getirer diýlip garaşylýar.


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......