“Ýoldaky jaýyň” režissýory studiýa bilen dawadan soň filmiň dowamyny özbaşdak düşürer

  • 03.11.2025 17:33
  • 8.2k+

“Ýoldaky jaý” uruşly filminiň režissýory Dag Laýman Amazon MGM studiýasy bilen ýüze çykan düşünişmezlikden soň filmiň dowamyny özbaşdak düşürmegi meýilleşdirýär.

Laýman 2024-nji ýyldaky film-remeýkiň kinoteatrlarda prokata goýbermezden, diňe Prime Video platformasynda çykarylandygyna nägilelik bildirdi. Onuň aýtmagyna görä, beren wadalaryna garamazdan Amazon kinoprokaty goldamaýar we filmi öz internet dükanynyň harytlaryny satmagyň guraly hökmünde ulanýar.
Deadline neşiriniň maglumatlaryna görä, režissýor eýýäm 1989-njy ýyldaky asyl filmiň dowamy – “Road House: Dylan” taslamasy üçin hukuk satyn aldy. Film üçin ssenarini R.Lens Hill ýazypdy. Eger ssenariçi Amazon bilen franşiza hukugy baradaky kazyýet işinde üstün çyksa, Laýman filmiň dowamynyň hususy wersiýasyny düşürip biler.
Şol bir wagtyň özünde, Amazon MGM hem “Ýoldaky jaý-2-niň” üstünde işlemegini dowam etdirýär, ýöne taslama ýakynda döredijilik düşünişmezlikleri sebäpli režissýor Gaý Riçini hem ýitirdi. 


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....