Hytaýda 2025-nji ýylyň iň ygtybarly benzinli awtoulaglary belli edildi: öňde — Toyota, Ford we Chery

  • 04.11.2025 12:56
  • 5k+

JD Power agentliginiň Hytaýdaky bölümi 2025-nji ýylyň benzin bilen işleýän iň ygtybarly awtoulaglarynyň reýtingini çap etdi.

Barlaga 2021-nji we 2024-nji ýyllar aralygynda awtoulag satyn alan 22 900 sürüji gatnaşdy. Bilermenler 38 markadan 166 modeli hereketlendirijiden we transmissiýadan başlap, elektronika we salon rahatlygyna çenli 177 sanly görkeziji boýunça bahaladylar.
Hytaý bazarynda iň ygtybarly marka hökmünde FAW Toyota ykrar edildi — her 100 awtoulagda 156 kemçilik (PP100). Onuň yzyndan Land Rover (157 PP100) hem-de GAC Toyota (158 PP100) gelýär. Şeýle hem ilkinji onluga Porsche, BMW, Changan Ford, GAC Honda, Mercedes-Benz, Audi we Buick girdi.
Hytaý brendleriniň arasynda Chery ilkinji orny eýeledi — 188 PP100. Ol Hongqi (192 PP100) we Geely (200 PP100) markalaryndan öňe geçdi.
Hünärmenler täze elektron ulgamlarynyň giňden ulanylmagy sebäpli benzinli awtoulaglaryň umumy ygtybarlylyk görkezijiiniň 197 PP100-e çenli pese düşendigini aýdýarlar. Awtoulag eýeleri köplenç multimediýa ulgamlarynyň titremesi we näsaz işlemegi bilen baglanyşykly şikaýat edýärler. Premium markalar has gowy netije görkezdi — 181 PP100, hytaýyň köpdürli öndürijileriniň ortaça görkeziji 221 PP100 bilen deňeşdirilende bu ep-esli tapawutdyr.
Kategoriýalar boýunça öňdebaryjy modeller:
Ykjam sedanlar:

  • Chery Arrizo 5
  • Geely Emgrand
  • Jetta VA3

Has gymmat ykjam sedanlar:

  • Toyota Corolla
  • Toyota Levin

Lýuks ykjam sedanlar:

  • Audi A3
  • Mercedes-Benz C-Class
  • BMW 3 Series

Ekonom klas sedanlar:

  • Nissan Sylphy
  • Nissan Tiida
  • Buick Verano Pro

Has gymmat sedanlar:

  • Volkswagen Lamando
  • Chery Arrizo 8
  • Geely Preface

Premium segment:

  • Ford Mondeo
  • Volkswagen Passat
  • Toyota Avalon

Ykjam krossowerler:

  • GAC GS3
  • Geely Coolray
  • Changan CS35 Plus
  • Geely Coolray Cool

Orta ölçegli ekonom klas krossowerler:

  • Geely Cityray
  • Chery Tiggo 8
  • Changan Uni-T

Has gymmat krossowerler:

  • Chery Tiggo 8 Pro
  • Toyota Frontlander
  • Volkswagen T-Roc

düýn 09:57
4.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

düýn 07:52
3.5k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

15.06.2026 23:53
2.5k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.4k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....