Alymlar maýalaryň Gün tutulmalaryny asyrlarboýy nädip takyk aýdandyklaryny açykladylar

  • 04.11.2025 10:04
  • 6.1k+

Alymlar maýa siwilizasiýasynyň asyrlaryň dowamynda Gün tutulmalaryny juda ýokary takyklyk bilen çaklap bilendiginiň syryny düşündirdiler. Aýdylyşyna görä, olar ýygnanan astronomik nätakyklary düzetmek üçin biri-birine gabat gelýän çylşyrymly senenama jedweller ulgamyny ulanypdyrlar.

Merkezi Amerikada ýaşan maýalar astronomiýa we matematika boýunça çuňňur bilimleri bilen tanalypdyr. Olar takyk senenamalary döredip, asmanda bolup geçýän wakalary üýtgewsiz ýazga geçiripdirler. Şolardan iň meşhurlarynyň biri — Drezden kodeksi, ol ýerde 405 aý-ýyllyk döwür üçin tutulmalar jedweliniň bardygy aýdylýar.
Öň alymlar bu jedweliň nädip işleýändigini we nädip asyrlarboýy takyk saklanyp galandygyny doly düşünip bilmändi. Ilki bilen, jedwel diňe tutulma döwürleri bilen bagly diýlip hasap edilýärdi. Emma Science Advances žurnalynyň täze ylmy işi bu pikiri inkär etdi we maýalaryň usullary bilen baglanyşykly ýitirilen möhüm bölekleri anyklamaga kömek etdi.
Matematiki modelirleme we statistiki derňewler arkaly alymlar 405 aý-ýyllyk döwrüň, ýagny 11 960 günüň tötänleýin saýlanmandygyny görkezdi. Bu döwür maýalaryň mukaddes 260 günlük senenamasynyň 46 doly aýlawyna gabat gelýär diýen ýaly. Tutulmalary çaklamak ulgamy Aýyň fazalaryny yzygiderli synlamak we dürli senenamalary biri-birine gabat getirmek esasynda gurlupdyr.

Şeýle-de alymlar maýalaryň uzak möhletleýin takyklygy nädip saklandygyny düşündiler. Öň, bir jedwel gutarandan soň, täze biri başlanýar diýlip pikir edilýärdi. Aslynda bolsa, täze jedwel öňki jedwel doly tamamlanmazdan ozal, 223 ýa-da 358 aý öňünden başlanypdyr. Şu gabat gelme ulgamy boýunça «toplanan» nätakyklyklar wagtlaýyn düzedilipdir.
Alymlar bu ylmy çaklamany barlamak üçin model boýunça alnan netijeleri 350–1150 ýyllar aralygynda maýalaryň ýaşaýan ýerlerinde bolup geçen hakyky Gün tutulmalary baradaky taryhy maglumatlar bilen deňeşdirdiler. Netijede, jedwel ulgamy tutulmalary 700 ýyl bäri takyk çaklamaga mümkinçilik berendigini görkezdi.
Şeýlelikde, maýalaryň tutulmalar jedweliniň adaty senenama bolman, eýsem 260 günlük mukaddes aýlaw bilen sinhronlaşdyrylan, uzak möhletleýin takyklygy saklamak üçin ýörite düzedijileri bolan çylşyrymly ylym guralydygy anyklandy.


şu gün 10:01
1.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

düýn 19:32
2.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......