Freddi Krýuger Şöhrat alleýasynda ýyldyz aldy

  • 04.11.2025 09:27
  • 4.6k+

“Garagaç köçesindäki elhençlik” (Кошмар на улице Вязов) filmlerinde Freddi Krýugeriň keşbi boýunça tanalýan aktýor Robert Inglund Golliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyz aldy. Dabara 31-nji oktýabrda, Hellouiniň öňüsyrasy geçirildi diýip, People habar berýär.

Bu dabara franşizanyň iki filminde Nensi Tompsony oýnan Hizer Langenkamp hem gatnaşdy. 78 ýaşly Inglundyň özi 100-den gowrak filmde düşdi, ýöne onuň karýerasynda iň ähmiýetlisi hut horror franşizasyna gatnaşmagy boldy.
2022-nji ýylda aktýor “Gaty geň işler” serialynyň dördünji möwsüminde peýda boldy.

Ýakynda “Garagaç köçesindäki elhençlik-3: Düýş söweşijileri” filminiň režissýory we ssenariçisi Çak Rassell franşiza dowam etdirilen bolsa, Freddiniň obrazyny Jim Kerriniň hem örän gowy janlandyryp biljekdigini aýtdy. Ol Inglundyň “ýeke-täk Freddi” bolup galýandygyny, ýöne ozal “Maska” filminde bilelikde işleşen Kerriniň hem aktýorlyk ukybynyň giňdigini belläp geçdi. 


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....