Call of Duty boýunça filmi “Ýelloustoun" we “Henkok” filmleriniň režissýory düşürer

  • 03.11.2025 12:18
  • 3k+

Meşhur Call of Duty oýun seriýasyna esaslanýan täze filmi “Diri galan” («Уцелевший») we “Henkok” («Хэнкок») filmleriniň režissýory Piter Berg surata düşürer. Bu barada Deadline neşiri ýazýar.

Taslama şeýle hem “Ýelloustoun” serialynyň awtory, ssenariçi we prodýuser Teýlor Şeridan gatnaşar. Şeridan we Berg filmiň ssenarisini bilelikde ýazyp, prodýuserler toparyna ýolbaşçylyk ederler. Berg goşmaça baş režissýor hökmünde çykyş eder. Mundan ozal olar “Näçä durýanam bolsa” («Любой ценой») we “Däli derýa” («Ветреная река») filmlerinde hem hyzmatdaşlyk edipdiler.
Täze ekranlaşdyrma özbaşdak blokbaster hökmünde çykyş edip, oýnuň harby ruhuny we giň gerimli haýbatyny doly derejede açmagy maksat edinýär.
Call of Duty — ABŞ-da iň meşhur we täsirli wideo oýun seriýalarynyň biri. 16 ýyldan gowrak wagt bäri oýun dünýäniň iň köp satylan franşizalarynyň hatarynda durýar — umumy satuw mukdary 500 million nusgadan geçdi.

Seriýanyň ilkinji bölümi 2003-nji ýylda çykyp, Ikinji jahan urşunyň wakalaryna bagyşlanypdy. Soňraky oýunlar bolsa häzirki zaman uruşlaryny we hatda geljekdäki tehnologik garşylyklary hem öz içine alýar.
Täze film oýnuň azaby, atmosferasy we söweş depginini ekrana doly göçürmegi wada edýär.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....