Jeep Grand Cherokee güýçli turbo hereketlendirijisine we täzelenen interýere eýe boldy

  • 04.11.2025 14:34
  • 3.8k+

Jeep kompaniýasy meşhur Grand Cherokee krossoweriniň täzelenen görnüşini hödürledi. Täzelenen model 3,6 litrlik V6 Pentastar hereketlendirijisiniň ýerine, Stellantis konserniniň täze, has güýçli we has tygşytly diýlip mälim edilýän Hurricane maşgalasyndan dört silindrli hereketlendirijini aldy.

Täze Hurricane 4 Turbo alýumin hereketlendirijiniň iş göwrümi 2,0 litr bolup, oňa öň kameraly otlaýyş ulgamy we üýtgeýän geometriýaly turbokompresor ýerleşdirildi. Häzirki konfigurasiýada ol 324 at güýjüni we 450 Nm torky öndürýär, bu bolsa öňki V6 hereketlendirijisinden 31 at güýji köp diýmekdir. Mundan başga-da, ýangyç sarp edilişi öňki Stellantis hereketlendirijileri bilen deňeşdirilende takmynan 10% azaldy.
Bu hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan Grand Cherokee-niň resmi ýöreýiş ätiýaçlygy 814 kilometr ýetýär.
Kompaniýa entek bu täze hereketlendiriji bilen haýsy transmissiýanyň goşulyşjakdygyny anyk aýtmady. Şeýle-de bolsa, model hatarynyň öňki V6 hereketlendirijisi we 375 at güýji bolan gibrid wersiýa saklanar.
Krossower daşky görnüş taýdan hem täzeleşdirildi: öň we yz bölekleri täzeden işlenip düzülip, döwrüň talaplaryna laýyk täze yşyklandyryş ulgamy aldy. Salon bolsa has döwrebap edildi — merkezi multimediýa ulgamy üçin 12,3 dýuým ekrany ýerleşdirildi.
Şeýle hem ýolagçy üçin 10,25 dýuým aýratyn sensor ekrany hödürlenýär.
Täzelenen Grand Cherokee-niň satuwy ýylyň ahyryna çenli başlamagyna garaşylýar.

şu gün 12:20
594

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

düýn 19:45
1.2k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

düýn 09:17
1.1k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

18.06.2026 10:58
3.5k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......