ABŞ-da hökümet işiniň togtadylmagy sebäpli howa gatnawlary köpçülikleýin ýatyrylyp bilner

  • 04.11.2025 14:37
  • 8k+

ABŞ-nyň awiasiýa pudagyndaky ýagdaý dowam edýän şatdaun sebäpli barha kynlaşýar. Ulag ministri Şon Daffi CNBC bilen söhbetdeşlikde uçuşlar howpsuz däl diýlip hasaplanan ýagdaýynda hökümetiň ýurduň howa giňişligini ýapyp biljekdigini aýtdy.

“Eger biz muny howpsuz däl diýip hasaplasak, tutuş howa giňişligini ýaparys” – diýip, Daffi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, şeýle çözgüt entek kabul edilmedi, ýöne howa gatnawlarynyň ulgamy üçin töwekgelçilik gün-günden ýokarlanýar. Geçen hepde Federal raýat awiasiýa edarasy awiadispetçerleriň ýetmezçiligi sebäpli howa menzilleriniň birnäçesinde hereketleri gowşatdy. Nýu-Ýork sebitindäki uçuşlara hyzmat edýän käbir dispetçer merkezlerinde işgärleriň tas 80%-i ýokdy.
Bloomberg agentliginiň maglumatlaryna görä, ABŞ-nyň iň uly 30 dispetçer merkeziniň ýarysy işgärleriň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz boldy. FlightAware portalynyň maglumatlaryna görä, geçen anna güni 6200-den gowrak gatnaw gijikdirildi we tas 500 sanysy ýatyryldy. Awiakompaniýalar bökdençligiň 3,2 milliondan gowrak ýolagça täsir edendigini habar berýär.
Hökümet işiniň togtadylmagy eýýäm 35 gün bäri dowam edýär, şonuň üçin 13 müň töweregi awiadispetçer zähmet haksyz işleýär. Bu ABŞ-nyň taryhynda dowamlylylygy boýunça ikinji şatdaun boldy.
Şatdaunyň resmi sebäbi ABŞ-nyň Kongresiniň federal agentlikler üçin degişli maliýeleşdirmäni tassyklamandygy boldy. Demokratlar hökümet maliýeleşdirmesi baradaky kanuna lukmançylyk ätiýaçlandyryşy üçin ýeňillikleri uzaltmak barada punkty goşmak isleýär – bu hem goşmaça 1,5 trln dollar bölüp bermegi göz öňünde tutýar.  


şu gün 11:35
828

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 19:47
847

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

düýn 19:30
2.4k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

18.06.2026 22:09
1.5k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......