Owganystanda güýçli ýertitreme bolup geçdi

  • 03.11.2025 16:58
  • 23k+

Owganystanyň demirgazygynda 6,3 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi. Bu barada Ýewropa-Ortaýer deňzi seýsmologiýa merkezi (EMSC) habar berdi.

Ýerasty sarsgynlar Aşgabat wagty bilen 01:28-de hasaba alyndy. Ýertitremäniň merkezi Balh welaýatynda, Mazari-Şarif şäheriniň golaýynda we Taşkurgan şäherinden dokuz kilometr uzaklykda 28 km çuňlukda ýerleşdi. Sarsgynlar goňşy ýurtlarda hem duýuldy.
Gyzyl Ýarymaýyň (ARCS) Owganystandaky bölümçesiniň deslapky maglumatlaryna görä, tebigy betbagtçylygyň netijesinde azyndan 19 adam heläk boldy, ýene 320 adam şikes aldy. Habarda pidalaryň sanynyň köpelmeginiň mümkindigi bellenilýär.
Sosial ulgamlarda ýerleşdirilen kadrlarda Owganystanyň iň hormatlanýan dini we medeni ýerleriniň biri bolan Mazari-Şarif metjidiniň (Gök metjit) bölekleýin ýumrulandygy görünýär. Ol Balh welaýatynyň paýtagty bolan adybir şäherde ýerleşýär. 


düýn 11:34
4.2k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
9.9k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....

15.06.2026 22:20
5.5k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

15.06.2026 18:47
5.4k+

Ispaniýadaky tokaý ýangyny 330 gektar meýdana ýaýrady we raýatlaryň göçürilmegine getirdi

Ispaniýanyň La-Korunýa welaýatynyň Padron häkimligine degişli Erbon obasynda dörän tokaý ýangynyny häzirki wagta çenli söndürip bolmady. Iň soňky çaklamalara görä, ot 330 gektara golaý meýdany weýran etdi,......