Toyota düýpgöter täzelenen Corolla konseptini hödürledi

  • 04.11.2025 13:04
  • 7.3k+

Tokioda Japan Mobility Show sergisinde Toyota täzeden işlenip düzülen Corolla ady bilen konsept awtoulagyny görkezdi. Täze modeliň dizaýny hem interýeri häzirki nesilden düýpgöter tapawutlanýar. Öndüriji gönüden-göni tassyklamasa-da, bilermenler bu konseptiň 2027-nji ýylda çykmagyna garaşylýan Corolla-nyň 13-nji nesliniň habarnamasy bolup biljekdigini belleýärler.

Prototip futuristik görnüşe eýe: kuzowyň burçly çyzyklary, giň gabarasy we giňeldilen yzky ganatlary bar. Dik ýerleşdirilen faralar has uly görünýär, adaty däl bamperler hem-de inçe LED zolaklar modele elektrik awtoulaglaryna mahsus dinamiki görnüş berýär. Daşky görnüşi boýunça awtoulag Toyota-nyň bZ elektrik seriýasyna meňzeýär, ýöne onuň dizaýnynda Lexus konseptleriniň aýratynlyklary hem duýulýar. Toyota bu modeliň dolulygyna elektrikli hem-de gibrid güýç gurluşlary bilen hödürlenjekdigini eýýäm tassyklady.

Awtoulagyň öň tarapy “akula-çekiç” stiliniň döwrebap düşündirilmesinde ýerine ýetirilen: radiator paneliniň ýerine öňdäki bamperde howa çekiji ýerleşdirilipdir, ýene bir şemalladyş kanaly bolsa alyn penjiräniň düýbünden üçege çenli geçýär.
Salonda adaty merkezi multimediýa ekrany ýok — kompakt displeýler diňe sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň öňünde ýerleşýär. Merkezi konsol aýratyn dizaýna eýe: ol transmissiýa selektorly kiçijik postament görnüşinde ýerine ýetirilen we içki giňişligi minimalistik görnüşde saklaýar.
Güýç gurluşynyň häsiýetnamalary barada maglumat entek aýdylmady.


07.06.2026 19:49
2.7k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

05.06.2026 00:37
8.1k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

04.06.2026 14:32
3.1k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....