Toyota Corolla-nyň 60 ýyllygyna bürünç dizaýnly ýörite görnüşi çykardy

  • 11.05.2026 22:40
  • 3.9k+

Toyota kompaniýasy Corolla modeliniň 60 ýyllygy mynasybetli Corolla Altis sedanynyň, Corolla Cross krossoweriniň we Corolla Sport hetçbeginiň ýörite ýubileý görnüşlerini tanyşdyrdy. Ýubileý modelleriniň birinji tapgyry Taýwan bazary üçin taýýarlandy.

Bu seriýanyň esasy aýratynlygy — bürünç reňkli dizaýn elementleri we «60th anniversary» ýazgyly ýörite nyşanlardyr.

Corolla Altis: Radiator gözeneginde we howa sorujylarynda altynsow-bürünç reňkli bezegler peýda boldy, şeýle-de awtoulaga 17 dýuymlyk iki reňkli diskler oturdyldy.

Corolla Cross: Bu modelde bürünç bezegler azrak ulanylyp, olar diňe radiator gözeneginde we bagažda ýazgyda duş gelýär.

Corolla Sport: Hetçbek ýubileý nyşanlary we gapdaldaky ýörite stikerler bilen tapawutlanýar. Krossower we hetçbek dürli dizaýndaky 18 dýuymlyk diskler bilen enjamlaşdyrylýar.

Içerki bezegde hem düýpli üýtgeşmeler bar. Altynsow-bürünç reňkli paneller öňdäki panelde, merkezde, rulda we gapylarda ýerleşdirildi. Şeýle-de, oturgyçlaryň we panelleriň tikinleri hem şol reňkdäki sapaklar bilen ýerine ýetirildi.

Awtoulaglaryň tehniki bölegi üýtgewsiz galdy. Corolla Altis we Corolla Cross 1,8 litrlik benzinli hereketlendiriji ýa-da gibrid ulgamy bilen hödürlenýär. Corolla Sport bolsa 2,0 litrlik benzinli hereketlendirijini saklap galdy.

Taýwanda bu ýörite seriýanyň bahalary takmynan 25,900 — 31,200 dollar aralygynda bolar. Ýubileý modelleriniň şu ýylyň iýul aýynda Ýaponiýada hem peýda bolmagyna garaşylýar.


şu gün 08:11
5

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

düýn 18:36
2.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......