SEMA Show 2025 sergisinde aýratyn ýolsuz ýerler üçin niýetlenen Honda Passport taýýarlandy

  • 04.11.2025 14:28
  • 2.2k+

Las-Wegasda geçiriljek SEMA Show 2025 týuning sergisinde Honda Racing Corporation (HRC) kompaniyasy ýolsuz ýerlerde agyr şertlerde sürmek üçin ýörite taýýarlanan Honda Passport TrailSport HRC wnedorožniginiň aýratyn wersiýasyny tanyşdyrar.

Awtoulagyň giriş we çykyş burçlaryny gowulandyrýan täzelenen bamperler, aşagyny goraýan alýumin plastinalar we 60 mm beýgeltme (asma lifti) oturdyldy. Mundan başga-da, wnedorožnik täze amortizatorlar, ýörite tüsse çykaryş ulgamy, aýakbasaryň ornuny tutýan berk bosagalar we çekiş kuwwaty 3,6 tonna çenli bolan barabanly urgan bilen enjamlaşdyryldy. Gurlan howa kompressory hem göz öňünde tutulýar.
Kuzow täsirli Thermal Orange reňkine boýalyp, gara üçegi we HRC grafikalary bilen bezelendir. Yzky böleginde doly ululykdaky ätiýaçlyk teker üçin ýörite berkidiji bar. Üstünde pes profilli bagaž we güýçli goşmaça yşyklandyryş ulgamy oturdylandyr.
Salony iki tonly reňk gamma bilen bezelip, gök Alkantara örtükleri, kontrast tikinler we bezeg nagyşlary bilen tapawutlanýar. Enjamlar Garmin nawigasiýa ulgamyny öz içine alýar.
Tehniki bölegi üýtgewsiz galdy: kapotyň aşagynda kuwwaty 289 at güýji bolan V6 hereketlendiriji ýerleşýär, ol 10 tizlikli awtomat transmissiýa we doly teker hereketlendiriji ulgam bilen birleşdirilýär.


04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

28.03.2026 13:56
2.3k+

Sony we Honda «Afeela» elektrokaryndan ýüz öwürdiler: onuň üçin eýýäm deslapky töleglerem alnyp başlanypdy

Sony Honda Mobility bilelikdäki kärhanasy «Afeela» elektromobil taslamasynyň ýapylýandygyny yglan etdi. Bu karar Honda-nyň elektrokar ösdürmek baradaky meýilnamalaryna täzeden seretmegi bilen baglanyşyklydyr....