Jeýson Steýtem Gaý Riçiniň täze ekşn-trillerine gatnaşar

  • 03.11.2025 17:04
  • 3.8k+

Gaý Riçi bilen Jeýson Steýtem täze “Viva La Madness” (“Wiwa telbelik”) ekşn-trilleriniň üstünde işlär. Bu barada Variety habar berýär.

Filmiň sýužeti gizlin saklanýar. Ol 2026-njy ýylyň ýanwarynda düşürilip başlanar. Häzirki wagtda aktýorlar düzüminde diňe Steýtem resmi taýdan tassyklandy, Riçi bolsa bir wagtyň özünde ssenariçi we režissýor bolup çykyş eder.
Film J.J. Konnolliniň “Gatlama torty” (“Layer Caker”) kitabyndaky wakalary dowam etdirýän adybir romanyna esaslanýar. Bu kitap boýunça 2004-nji ýylda jenaýat trilleri düşürilipdi. Muňa garamazdan, “Viva La Madness” öňki filmiň dowamy ýa-da spin-offy bolman, aýratyn film bolar.
2001-nji ýylda neşir edilen roman Londonyň X lakamly söwdagäri barada gara komediýa bolup, onuň mazmuny jenaýatçylykdan, hapa pullardan we çylşyrymly adamzat gatnaşyklaryndan doly.
Taslamany Steýtemiň özi we prodýuser Tomas Benksi öňe sürdi. Olar filmi öz Punch Palace Productions we Lumina Studios kompaniýalary, şeýle-de Toff Guy Films studiýasy arkaly durmuşa geçirer. Steýtem we Riçi üçin bu eýýäm altynjy bilelikdäki iş bolar. 


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....