3.8k+

Samsung eplenýän Galaxy Z Fold7-niň premium görnüşini – W26-ny hödürledi

Samsung eplenýän Galaxy Z Fold7 smartfonynyň hytaý bazary üçin ýörite döredilen görnüşini – täze W26 flagman smartfonyny hödürledi. Öňki W modelleri ýaly, täze smartfon has kaşaň dizaýny bilen tapawutlanýar: petle, gapdal çarçuwa we kamera halkalary altyn öwüşginler bilen bezeldi...

3.8k+

Nissan täze ykjam Tekton krossowerini tanyşdyrdy

Nissan kompaniýasy täze ykjam Tekton krossoweriniň ilkinji suratlaryny köpçülige görkezdi. Bu model hindi bazary üçin ýörite döredilip, 2026-njy ýylda satuwa çykarylar, soň bolsa beýleki ýurtlaryň bazarlarynda hem peýda bolar...

6.1k+

Awstraliýanyň suwlarynda iki sany täze görnüş jandar tapyldy — garaňkyda şöhle saçýan akula we “farfor” leňňeji

Günbatar Awstraliýanyň kenarlarynda okeanograf alymlar ylym üçin täze bolan iki deňiz jandaryny — garaňkyda şöhle saçýan fonar akulasy we ýarym-durulykrangy farfor kraby. Bu tapyndylar baryp 2022-nji ýylda Awstraliýanyň ylmy we amaly barlag guramasy (CSIRO) tarapyndan geçirilen ekspedisiýa wagtynda ýüze çykarylypdy, emma olaryň ylmy beýany diňe indi neşir edildi...

1.6k+

Porsche “Le-Manyň 24 sagady” ýaryşyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Porsche kompaniýasy we onuň hyzmatdaşynyň biri bolan Penske Motorsport ýakyn ýyllar üçin öz ýaryş meýilnamasyna täzeden garajakdygyny mälim etdiler. Şu möwsümiň ahyrynda brend Çydamlylyk ugrundaky dünýä çempionatyndan (WEC) çykjakdygyny we 2026-njy ýylda meşhur “Le-Manyň 24 sagady” ýaryşyna gatnaşmajakdygyny resmi taýdan yglan etdi...

10k+

Uçurymlaryndan iň baý adamlar çykan uniwersitetleriň reýtingi düzüldi

Visualcapitalist portaly iň köp milliarder uçurymly uniwersitetleriň täze infografikasyny hödürledi. Reýtinge görä, maliýe taýdan üstünlik gazanan uçurymlaryň aglabasy ABŞ-nyň ýokary okuw mekdeplerinden çykýar, ýöne Aziýanyň institutlarynyň ornunyň hem yzygiderli ýokarlanýandygy aýdyň görünýär...

4.1k+

Samsung-yň VR şleminiň dizaýny we aýratynlyklary belli boldy

Internet torunda täze VR garniturasynyň – Project Moohan hökmünde belli bolan Samsung Galaxy XR-yň suraty we tehniki aýratynlyklary peýda boldy. Suratlary Android Headlines neşiri hödürledi. Galaxy XR garniturasy Google-dan Android XR platformasyna esaslanýar we kompýutere ýa-da smartfona birikmezden awtonom işleýär...

2.1k+

Duolingo-nyň gahrymanlary baradaky animeniň ilkinji treýleri çykdy

Duolingo “Soňky synag” (The Final Test) ady bilen anime serialynyň ilkinji treýlerini hödürledi. Baş gahryman kompaniýanyň tumary – ýaşyl baýguş Duo boldy. Sýužet boýunça hakyky dünýäden adamlar howply synaglaryň dünýäsine düşýär...

3.4k+

Ledi Gaga “Melgun Prada geýýär” filminiň dowamynda oýnar

Ledi Gaga “Melgun Prada geýýär” (Дьявол носит Prada) filminiň dowamynyň düşürilişine gatnaşar. Variety neşiriniň habar bermegine görä, aýdymçy 2006-njy ýylyň meşhur komediýasynyň dowamynyň düşürilýän ýeri bolan Milanda göründi...

9.7k+

Täze Zelandiýanyň ýaşaýjysy 2253 sözden ybarat ady alyp, rekord goýdy

Täze Zelandiýanyň ýaşaýjysy Lourens Uotkins dünýäde iň uzyn adyň eýesi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň doly ady 2253 sözden durýar diýip, Daily Mail ýazýar. Waka 1990-njy ýylyň martynda, Uotkinsiň öz şahsy maglumatlaryny üýtgetmek kararyna gelip, öz adyna iki müňden gowrak ikinji ady goşmagy bilen başlady...

10k+

Mary etrabynyň Täze güýç geňeşliginde 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasy açyldy

10-njy oktýabrda Mary etrabynyň Täze güýç geňeşliginiň çäginde 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasy açylyp ulanmaga berildi. Dabara Mejlisiň deputatlary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, talyplar gatnaşdylar...

10k+

Jon Litgou ilkinji gezek Dambldoryň keşbinde göründi

Internetde 79 ýaşly Jon Litgouyň HBO-nyň Garri Potter barada täze serialynyň düşürilişinden Dambldoryň keşbinde ilkinji suratlary peýda boldy. Kadrlar X sosial ulgamynda resmi Wizarding World Direct akkaunty tarapyndan hödürlendi...

5.8k+

Fransiýada kruassan ysly poçta markasy çykaryldy

Fransiýanyň Milli poçta gullugy gaýmakly kruassanyň ysy bilen marka çykardy. Bu ýakymly ysy duýmak üçin markanyň üstüni barmagyň bilen sürtmek ýeterlik diýip, Le Figaro habar berýär. Marka 594 müň nusga tiraž bilen çykarylar, ýöne ony ýurduň diňe üç poçta bölüminde satyn alyp bolar...

6k+

Toyota syrly superkaryň tizerini görkezdi

Toyota özi üçin adaty däl usulda täze flagman superkarynyň ilkinji tizerini görkezdi. Kompaniýa dürli ýyllarda markanyň köp sanly belli modelleriniň synaglarynyň geçen ýeri bolan Ýaponiýadaky Fuji Speedway ýaryş ýolunda ulagyň suraty bilen uly banner ýerleşdirdi...

7k+

FIFA dünýä çempionatyny güýze ýa-da ýaza geçirmek barada pikirlenýär

FIFA futbol boýunça dünýä çempionatyny adaty tomus möwsüminden başga pasla geçirmek mümkinçiligine seredýär. Bu barada guramanyň prezidenti Janni Infantino aýtdy. Onuň sözlerine görä, gürrüň diňe bir ýaryş barada däl, eýsem umumy senenama täzeden garamak barada gidýär...

2k+

Türkmenistanyň DIM-nde Malaýziýanyň wekiliýeti bilen duşuşyk barada

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Baş syýasy sekretary Datuk Seri Şamsul Iskandar Mohd Akiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi...

2.2k+

Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýaponiýanyň ilçisi Hirosi Sasaki bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermgine görä, duşuşykda taraplar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ösüşiniň ýokary depginini bellediler...