Emeli aň termoyadro plazmasyny modelirlemegi birnäçe günden sekuntlara çenli çaltlandyrdy

  • 25.12.2025 12:15
  • 2.8k+

Alymlar termoýadro plazmasynyň modelirlemesini müňlerçe esse çaltlandyrmaga ukyply bolan emeli aň esasyndaky guraly tanyşdyrdylar. GyroSwin ulgamy Beýik Britaniýanyň Atomyň energiýasy boýunça müdirliginiň (UKAEA), Linssdäki Iogann Kepler uniwersitetiniň we Emmi AI kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzüldi.

Termoýadro energetikasy arassa we çäksiz diýen ýaly energiýa çeşmesi hökmünde görülýär, emma onuň ösmegine Günüňkiden hem ýokary temperaturalara çenli gyzdyrylan plazmany dolandyrmagyň çylşyrymlylygy päsgel berýär. Magnit meýdanlary bu gurşawy saklamaly, ýöne plazmanyň içindäki turbulentlik (tertipsiz akym) energiýanyň ýitirilmegine sebäp bolup bilýär.
Mundan ozal şeýle prosesler ägirt uly hasaplaýyş serişdelerini we wagty talap edýän bäş ölçegli girokinetik modelleriň kömegi bilen hasaplanylýardy. Täze GyroSwin ulgamy bu modelleri seljermek üçin maşyn öwrenişini ulanýar we öwredilenden soň, plazmanyň esasy fiziki aýratynlyklaryny saklap, netijeleri bary-ýogy birnäçe sekundyň içinde berýär.
UKAEA edarasy GyroSwin ulgamyny Beýik Britaniýanyň STEP tokamagy ýaly täze nesil termoyadro desgalarynyň taslamalarynda ulanmagy göz öňünde tutýar.


düýn 18:51
2.9k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.6k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.4k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....