Tim Kuk Nike-yň 3 million dollarlyk paýnamasyny satyn aldy, şondan soň olaryň bahasy 5% ýokarlandy

  • 25.12.2025 11:05
  • 3k+

Apple-yň baş direktory Tim Kuk Nike kompaniýasynyň takmynan 3 million dollarlyk paýnamasyny satyn aldy. Reuters agentliginiň habar bermegine görä, işewür kompaniýanyň çärýeklik hasabatynyň gowşak çykmagy sebäpli nyrhlar pese gaçandan soň, her biri 58,97 dollardan bolan 50 müň sany paýnamany satyn aldy.

Bu habaryň çäginde, 24-nji dekabrda Nýu-Ýork gazna biržasynda Nike-yň paýnamalary 5,1% ýokarlanyp, Aşgabat wagty bilen sagat 19:55-e çenli 60,28 dollara ýetdi.
Bellemeli zat, Tim Kuk 2005-nji ýyldan bäri sport harytlaryny öndüriji bu kompaniýanyň direktorlar geňeşiniň agzasydyr we onda baş garaşsyz direktor wezipesini eýeleýär. Ol mundan ozal hem Nike-yň 105 480 paýnamasyna eýelik edýärdi.
Nike kompaniýasynyň çärýeklik görkezijileriniň pes bolmagyna Hytaýdaky islegiň peselmegi we Converse brendiniň işiniň netijeleri täsir etdi. Şol sebäpli soňky üç söwda sessiýasynyň dowamynda kompaniýanyň paýnamalary öz bahasynyň 12,6%-ini ýitiripdi.


17.05.2026 09:49
2k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.6k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....

29.04.2026 15:00
1.3k+

Geçen ýyl Apple-yň ähli önümleriniň takmynan 1/3-i gaýtadan işlenen materiallardan boldy

Geçen ýyl Apple-niň önümlerinde ulanylan ähli materiallaryň 30%-i gaýtadan işlenen çeşmelerden alyndy. Kompaniýa özüniň ekologiýa strategiýasyny durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri gazanandygyny resmi taýdan......