Sony wideooýunlarda kontenti awtomatik süzgüçden geçirmek üçin EA işläp taýýarlaýar

  • 24.12.2025 14:38
  • 3.6k+

Sony kompaniýasy wideooýunlarda we beýleki media faýllarda audiowizual kontenti süzgüçden geçirmek üçin niýetlenen emeli aň modelini patentledi. Tehnologiýa ulanyjynyň şahsy isleglerine we onuň käbir sahnalara duýgurlygyna esaslanyp, materiallary awtomatik usulda redaktirleýär we sazlaýar.

Degişli patent Patentscope platformasynda ýerleşdirildi. Beýana görä, ulgam zabunlygyň, açyk sahnalaryň görkezilmegini ýa-da paýyş sözleriň ulanylmagyny düzedip bilýär.
Işläp taýýarlaýyş modeliň dürli platformalarda, şol sanda üçünji tarap öndürijileriň konsollarynda we şahsy kompýuterlerde ulanylmagyny göz öňünde tutýar. 


düýn 19:21
4.7k+

EA agentleri wirtual Nýu-Ýorkda «ýaşap gördi»: olar özüni nähili alyp barandyr öýdýäňiz?

Emergence AI startap kompaniýasy belli emeli aň modellerini 15 günüň dowamynda Nýu-Ýorkuň wirtual nusgasyna ýerleşdirip, täsin bir tejribe geçirdi. Hünärmenler adam gözegçiligi bolmadyk ýagdaýynda emeli aň......

03.06.2026 23:06
977

OpenAI-den öňürtdi: Anthropic paýnamalaryny biržada ýerleşdirmek üçin arza berdi

Claude emeli aň modelini işläp düzüji Anthropic amerikan kompaniýasy paýnamalaryny ilkinji gezek köpçülige hödürlemek (IPO) boýunça resmi arza ýollady. Bu barada kompaniýanyň özi habar berdi....

02.06.2026 07:43
1.3k+

YouTube emeli aň tarapyndan döredilen wideolary awtomatiki usulda belgiläp başlar

YouTube platformanyň syýasatyndaky üýtgeşmeler barada yglan etdi we emeli aň (EA) arkaly döredilen wideolary bellemek ulgamyny ornaşdyryp başlady....

27.05.2026 14:38
1.8k+

«Eurostat» ýewropa kompaniýalarynyň näme üçin emeli aňy ulanmaýandyklaryny anyklady

Tehniki başarnyklaryň ýetmezçiligi, maglumatlaryň gizlinligi babatdaky gorkular we hukuk taýdan näbellilikler ýewropa kompaniýalarynyň emeli aň (EA) gurallaryny ulanmakdan ýüz döndermeginiň esasy sebäpleri......