Marvel «Ar alyjylar: Kyýamat güni» filminiň ilkinji tizerini çykardy

  • 25.12.2025 10:54
  • 3.8k+

Internetde «Ar alyjylar: Kyýamat güni» (Мстители: Судный день) filminiň ilkinji tizeri peýda boldy. Film 2026-njy ýylyň 18-nji dekabrynda daşary ýurt prokatyna çykar.

Wideo 90 sekunt töweregi dowam edýär. Onda «Ar alyjylar: Final» filminiň wakalaryndan soň Stiw Rojers/Kapitan Amerika başga wagt çyzygynda görkezilýär. Onuň keşbine Kris Ewans gaýdyp geldi.
Gahryman öýe gelýär, Kapitan Amerikanyň formasyny tapýar, soňra elinde çagany saklaýar. Tizeriň ahyrynda täze filmde Stiw Rojersiň gaýdyp gelmegi barada ýazgy peýda bolýar.
Ozal Kris Ewans franşizanyň dowamyna gatnaşýandygyny inkär edipdi. Ol «bagtly ýagdaýda pensiýa çykandygyny» aýtdy.
Filmiň esasy antagonisti Doktor Dum bolar. Onuň keşbini Robert Dauni-kiçi ýerine ýetirdi. Oňa Ar alyjylar, Fantastik dörtlük we Marvel äleminiň beýleki gahrymanlary garşy çykar.
Film üçin ssenarini Stiwen MakFili we Maýkl Uoldron ýazdy. Režissýorlar hökmünde ýene-de Entoni we Jo Russo çykyş etdi. Aktýorlar düzüminde Ien MakKelleniň ýerine ýetirmeginde Magneto, Fantastik dörtlügiň gahrymanlary, Gök gürrüldedijiler topary, Entoni Makiniň ýerine ýetirmeginde Kapitan Amerika we Letisiýa Raýtyň oýnamagynda Şuri bar. 


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....