Ispaniýada ýük gämisine dünýäde iň uly "wakuumly" ýelken gurnaldy

  • şu gün 13:14
  • 1.9k+

Ispaniýanyň portundaky Fluvius Tavy uniwersal ýük gämisine dünýäde iň uly aerodinamik sorujy ýelkeni oturdyldy. Interesting Engineering neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa däp bolan ýelkenli çözgütlerden ýedi esse ýokary göterijilik güýjüni döredýär.

Işläp düzüji bound4blue kompaniýasy gurnama işleriniň tamamlanandygyny yglan etdi. 22 metrlik eSAIL enjamy öňünden işe doly taýýarlanylandygy sebäpli, Santanderdäki "Astander" gämi gurluşyk zawodynda ony gurnamak işleri gysga wagtyň içinde (bir gezekde) amala aşyryldy.
Gämini Niderlandlaryň Amasus Shipping kompaniýasy dolandyrýar we bu olar üçin şeýle görnüşli ikinji taslamadyr. Mundan ozal, şuňa meňzeş 17 metrlik sütünler Eems Traveller ýük gämisine hem gurnalypdy.
Bu ulgam ekipažyň gatnaşmagy bolmazdan, öwüsýän ýeliň ugruna we güýjüne görä doly awtonom ýagdaýda işleýär. Onuň iş prinsipi howa akymyny ýörite optimizirlenen üstüň boýuna sorup çekmek arkaly durnukly aerodinamik güýç döretmäge esaslanýar.
Bu tehnologiýa DNV klassifikasiýa jemgyýeti tarapyndan sertifikatlaşdyryldy we eýýäm Odfjell hem-de Eastern Pacific Shipping ýaly iri operatorlar tarapyndan ulanylýar. Şeýle desgalaryň ornaşdyrylmagy ýangyç sarp edilişini ep-esli tygşytlamaga we atmosfera goýberilýän zyýanly zyňyndylary azaltmaga kömek edýär.


06.07.2025 14:44
8.1k+

Arheolog Ispaniýanyň golaýynda rowaýata öwrülen Atlantida şäherini tapandygyny aýdýar

Britaniýaly arheolog Maýkl Donnellan Atlantidanyň Ispaniýanyň kenaryndan üç kilometr uzaklykda, Kadis şäheriniň golaýynda ýerleşip biljekdigini aýtdy. Bu barada alymyň alternatiw taryha bagyşlanan Cosmic Summit konferensiýasynda eden çykyşyna salgylanýan, Daily Mail ýazýar...

10.09.2024 09:59
8.8k+

Ispaniýada titanozawrlaryň täze görnüşi tapyldy

Ispaniýaly paleontologlar gadymy dinozawrlaryň göçüş ýollary barada täze maglumatlary berip biljek, zauropod dinozawrynyň täze görnüşini tapdylar. Bu açyş Kuenka şäheriniň golaýynda köp sanly süňk bölekleriniň...

15.08.2024 23:47
11k+

Ispaniýada ilkinji genetiki taýdan modifisirlenen guzy döredildi: oňa Teodoro ady dakyldy

Ispaniýada genetiki taýdan modifisirlenen ilkinji guzy peýda boldy. Teodoro atly guzy Milli oba hojalyk we azyk barlaglary we tehnologiýalary institutynyň alymlarynyň işleriniň netijesidir diýip, TASS habar berýär...

03.05.2024 22:26
25k+

Ispaniýadan tapylan syrly "Ekskalibur" musulmanlara degişli bolup çykdy. Onuň ýaşy - 1000 ýyl

Arheologlar 1994-nji ýylda Walensiýadan (Ispaniýa) tapylan gylyjyň ýaşyny kesgitlediler. “Haýtek”-iň ýazmagyna görä, bu artefakt iň soňky gezek X asyrda, Ispaniýanyň aglaba bölegi musulman hökümdarlarynyň gol astyndaka...