Ispaniýada titanozawrlaryň täze görnüşi tapyldy

  • 10.09.2024 09:59
  • 8.9k+

Ispaniýaly paleontologlar gadymy dinozawrlaryň göçüş ýollary barada täze maglumatlary berip biljek, zauropod dinozawrynyň täze görnüşini tapdylar. Bu açyş Kuenka şäheriniň golaýynda köp sanly süňk bölekleriniň tapylan ýerinde edildi.

Täze görnüş “Qunkasaura pintiquiniestra” ýa-da kunkazawr diýlip atlandyryldy.
2007-nji ýylda gazuw-agtaryş işleri başlaly bäri Lo Ueko formasiýasynda 12 müňden gowrak galyndy tapyldy. Şolaryň arasynda kunkazawr, gözlegçileriň anatomiýasyny jikme-jik öwrenmäge mümkinçilik berjek, zauropodyň doly süňkli görnüşini öz içine alýan ilkinji açyş boldy.
Täze açyş, zauropodlaryň birnäçe toparynyň mel döwründe Pireneýa ýarym adasynyň sebitlerinde ýaşandygyny, käbirleriniň has günorta sebitlerden göçüp gelendigini tassyklaýar.
Lo Ueko, Ýewropada dürli zauropod galyndylarynyň tapylan esasy paleontologiki meýdançasy bolup galýar. Alymlar bu dinozawrlaryň göçüşleri we ewolýusiýasy barada has giňişleýin maglumat almak üçin gözlegleri dowam etdirmegi meýilleşdirýärler.


düýn 08:10
4.9k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......