Ispaniýada ilkinji genetiki taýdan modifisirlenen guzy döredildi: oňa Teodoro ady dakyldy

  • 15.08.2024 23:47
  • 12k+

Ispaniýada genetiki taýdan modifisirlenen ilkinji guzy peýda boldy. Teodoro atly guzy Milli oba hojalyk we azyk barlaglary we tehnologiýalary institutynyň alymlarynyň işleriniň netijesidir diýip, TASS habar berýär.

Ispaniýanyň Ýokary ylmy gözleg geňeşiniň beýanyna görä, Teodoro "fermalarda saklanýan haýwanlardaky reproduktiw bozulmalary öwrenmek we adamlaryň tohumlandyrma prosessine düşünmek üçin model hökmünde hyzmat eder".
Gözlegçileriň biri Pablo Bermeho-Alwares: "Genetiki taýdan modifisirlenen haýwan modelleri islendik biologiki prosess baradaky bilimleri giňeltmek üçin zerurdyr". Alym Teodoryň biologiki amallarda belli bir genleriň işini öwrenmäge mümkinçilik berýän genetiki modifisirlenen görnüşdigini belläp geçdi.


düýn 12:47
4.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

düýn 12:45
6.2k+

Koreýaly alymlar tüwi kagyzynyň kömegi bilen köne elektronikalardan altyn almagy öwrendiler

Günorta Koreýanyň himik alymlary adaty tüwi kagyzyny ulanmak arkaly elektron galyndylardan we senagat zibillerinden altyny bölüp almagyň ekologik taýdan arassa hem-de örän arzan tehnologiýasyny işläp düzdüler....

01.06.2026 12:01
4.8k+

Nemes alymlary kepderileriň bagryndaky tebigy GPS-kompasyň syryny anykladylar

Germaniýanyň Bonn we Duýsburg-Essen uniwersitetiniň gözlegçileri kepderilerdir gögerçinleriň bagyrda ýerleşen hem özünde demir saklaýan ýörite immun ulgamynyň öwüşginleri arkaly Ýeriň magnit meýdanyndan ugur......

31.05.2026 20:50
9.5k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......