Arheolog Ispaniýanyň golaýynda rowaýata öwrülen Atlantida şäherini tapandygyny aýdýar

  • 06.07.2025 14:44
  • 8.2k+

Britaniýaly arheolog Maýkl Donnellan Atlantidanyň Ispaniýanyň kenaryndan üç kilometr uzaklykda, Kadis şäheriniň golaýynda ýerleşip biljekdigini aýtdy. Bu barada alymyň alternatiw taryha bagyşlanan Cosmic Summit konferensiýasynda eden çykyşyna salgylanýan, Daily Mail ýazýar.

Donnellan öz açyşy barada dokumental filmi surata düşürdi. Onuň sözlerine görä, deňziň düýbünde beýikligi alty metr töweregi bolan konsentrik aýlawlar görnüşindäki diwarlara meňzeýän uzyn daş desgalar tapyldy. Arheologyň tassyklamagyna görä, bu daşlar birsydyrgyn goýlup, ulagyň ýarysy ýaly ululykda gönüburçly görnüşe eýe. Gurluşlaryň merkezinde Donnellanyň b.e.öňki IV asyrda Platon tarapyndan beýan edilen Poseýdon ybadathanasyna meňzedýän, weýran edilen gönüburçly bina ýerleşýär.
Arheologyň düşündirmegine görä, gidrolokasiýa we lidar ulanylyp, sekiz ýyllap geçirilen barlaglardan bäri diwarlar asylky duran ýerinden süýşüpdir we jaýryk açypdyr. Ol diwarlaryň, esasanam, daşarky diwarlaryň zaýalanmagy güýçli sunami netijesinde bolup biljekdigini çaklaýar.
Kadis Günbatar Ýewropanyň miladydan öňki 1100-nji ýyllarda finikiýalylar tarapyndan esaslandyrylan bolmaly diýlip çaklanylýan iň gadymy şäherlerinden biridir. Donnellan tapylan desgalaryň binagärlik stiliniň rimiňkä-de, wenesiýanyňka-da meňzemeýändigini belleýär. Onuň baha bermegine görä, şäheriň ululygy takmynan 550x365 kilometr.
Meşhur antik filosofy Platon Atlantidany özüniň “Timeý” we “Kritiý” eserlerinde suratlandyrypdyr. Platonyň pikirine görä, ol Gerkules sütünleriniň (Gibraltar bogazy) aňyrsyndaky ada döwleti bolup, 11 600 ýyl töweregi ozal ýertitremesi we suw joşmagy netijesinde heläk bolupdyr. Şeýle-de bolsa, alymlaryň köpüsi şol döwürde şeýle ösen siwilizasiýanyň bolup biljekdigine şübhelenýärler.


şu gün 08:10
3.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
3.3k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.1k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.1k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......