«Kesgir gaşlar: Ölmez adam» doly metražly filminiň tizeri çykdy

  • 25.12.2025 11:00
  • 3.4k+

Netflix «Kesgir gaşlar: Ölmez adam» («Острые козырьки: Бессмертный человек») doly metražly filminiň ilkinji tizerini hödürledi. Ol adybir serialyň dowamy bolar.

Platformada filmiň global premýerasy 2026-njy ýylyň 20-nji martyna meýilleşdirilýär, ýöne relizden birnäçe gün öň ABŞ-da çäkli kinoteatr prokaty başlar.
Filmiň wakalary Ikinji jahan urşy döwründe Birmingemde bolup geçýär. Sýužet gangster Tomas Şelbiniň köp wagtdan soň öz dogduk şäherine gaýdyp gelmegine ünsi jemleýär. Taslamanyň režissýory bolup Tom Harper çykyş etdi, ssenarini bolsa asyl serialy dörediji Stiwen Naýt taýýarlady.
Tomas Şelbiniň keşbini ýene-de «Oskar» baýragynyň laureaty Killian Mýorfi ýerine ýetirdi. Öz rollaryna Sofi Randl, Stiwen Grem we Ned Dennehi hem gaýdyp geldi. Şeýle-de, franşiza Rebekka Fergýuson, Tim Rot, Barri Keogan we Jeý Laýkurgo goşuldy.
Bu taslama soňky bölümleri dört ýyl ozal çykan alty möwsümden ybarat serialyň dowamynda ýaýbaňlanan wakany tamamlar. Doly metražly filmden başga-da, önümçilikde bu franşiza boýunça Şelbi maşgalasynyň täze nesline bagyşlanan ýene bir serial bar.  


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....