Apple-iň akylly äýnekleri 2026-njy ýylda çykarylar we AR funksiýasyny goldamaz

  • 26.12.2025 11:58
  • 2k+

Apple kompaniýasynyň akylly äýnekleriniň 2026-njy ýylyň ahyrynda tanyşdyrylmagyna garaşylýar. Bloomberg-iň synçysy Mark Gurmanyň habar bermegine görä, enjamyň ilkinji wersiýasynda goşmaça hakykat (AR) funksiýalary bolmaz.

Çeşmäniň maglumatyna görä, täze gurluş iPhone üçin akylly aksessuar hökmünde hyzmat eder, Siri sesli kömekçisi bolsa dolandyryşyň esasy guraly bolar. Äýnekleri geljek ýylyň ahyrynda tanyşdyrmak meýilleşdirilýär, emma satuwlaryň has gijräk başlamagy ähtimal.
Apple-iň baş direktory Tim Kuk üçin günuzyn dakynyp bolýan ýeňil äýnekler taslamasy iň esasy ugurlaryň biridir.

"Kuk bu taslamany kompaniýa üçin ileri tutulýan wezipä öwürdi we Meta kompaniýasyndan öňürti pudakda öňdebaryjy önümi hödürlemegi ýüregine düwdi" — diýip, Gurman belleýär.

Onuň aýtmagyna görä, baş direktoryň esasy maksady — maglumatlary we şekilleri hakyky dünýäniň obýektleriniň üstüne ýerleşdirýän doly derejeli AR (goşmaça hakykat) äýneklerini döretmekdir.
Apple Vision Pro-nyň satuw görkezijileriniň pesligine garamazdan, onuň visionOS programma üpjünçiligi geljekki önümler üçin tehniki binýat boldy. Hatda goşmaça hakykat funksiýasy bolmasa-da, Apple-iň ilkinji akylly äýnekleri diňe bir programma däl, eýsem geljekki AR enjamlarynyň apparat üpjünçiligi (hardware) barada hem ilkinji düşünjeleri berer.


13.03.2026 16:33
3.1k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...