Bir dýuýmlyk Leica sensorly Xiaomi 17 Ultra flagman kamerofony hödürlendi

  • 26.12.2025 20:24
  • 4.4k+

Xiaomi Hytaýda uly tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Esasy täzelik Xiaomi 17 Ultra flagman smartfony boldy. Smartfon kamerofon hökmünde görkezilýär we Leica kameralar ulgamy bilen üpjün edildi.

Smartfon durulygy 3200x1440 piksel we täzelenme ýygylygy 120 Gs bolan 6,83 dýuýmlyk LTPO OLED ekranyna eýe boldy. Içinde 4,6 GGs çenli ýygylykly sekiz ýadroly Snapdragon 8 Elite Gen 5 çibi bar.
Esasy kamera optiki durnuklaşdyrma bilen bir dýuýmlyk OmniVision OV50X sensoryna esaslanýar. Ol surata düşürilende dinamiki diapazony giňeltmek üçin niýetlenen üçünji nesil LOFIC tehnologiýasyny goldaýar. Şeýle-de, 3,2x-den 4,3x çenli zum bilen 200 Mp teleobýektiw, 50 Mp giňburçly kamera we 50 Mp frontal modul bar.

Akkumulýator sygymy 6800 mA/sag bolup, 90 Wt simli we 50 Wt simsiz zarýad alşy goldaýar. Smartfon HyperOS 3 örtügi bilen Android 16-nyň dolandyrmagynda işleýär we Wi-Fi 7, Bluetooth 6, 5G, UWB we NFC tehnologiýalaryny goldaýar.
Täze smartfon iş stoluny iPhone-a geçirmäge mümkinçilik berýär. Smartfon dört reňkde: gara, ak, tüsse-benewşe (Cool Smoke) we ýyldyz ýaşyl (Starry Green) reňklerde satuwa çykar.

Bahalar:

  • ·12/512 GB – $990
  • ·16/512 GB – $1060
  • ·16 GB/1 TB – $1200

Resmi satuw 27-nji dekabrda başlaýar.
Şeýle-de, satuwa klassyk Leica kameralary ýaly dizaýny bilen tapawutlanýan çäkli Xiaomi Mi 17 Ultra Leica Edition çykar. Bu wersiýa zumy el bilen sazlamak üçin aýlanýan kamera tigirçegi bilen üpjün edildi. Şeýle-de, ol magnit bamperini, obýektiw üçin gapagy we ýüpi öz içine alýan baý topluma eýe bolar.
Smartfon iki wersiýada hödürlener:

  • ·16/512 GB – $1135
  • ·16/1 TB – $1275



22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...