Kristofer Nolanyň «Odisseýa» filminiň ilkinji treýleri çykdy

  • 24.12.2025 15:08
  • 7.9k+

Universal Pictures kinokompaniýasy režissýor Kristofer Nolanyň «Odisseýa» epiki filminiň ilkinji treýlerini hödürledi. Filmiň global premýerasy 2026-njy ýylyň 17-nji iýulyna meýilleşdirilýär.

Film gadymy grek şahyry Gomeriň adybir poemasyna esaslanýar we Itakanyň şasy Odisseýiň syýahatyny gürrüň berýär. Ol öz goşuny bilen bilelikde Troýany basyp alandan soň, watanyna dolanmaga çalyşýar, ýöne ýolda dürli päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Filmi düşürmek işleri alty aý töweregi dowam etdi we Ýewropanyň Italiýa, Şotlandiýa ýaly dürli ýurtlarynda alnyp baryldy.
«Odisseýa» doly derejede IMAX kameralaryna düşürilen ilkinji doly metražly film boldy.
Baş keşbi Mett Deýmon ýerine ýetirdi. Şeýle-de, taslama Tom Holland, Zendeýa, Robert Pattinson, Enn Heteueý, Lupita Niongo, Şarliz Teron we Jon Berntal gatnaşdy. Film Nolanyň «Dýunkerkden», «Delilden» we «Oppengeýmerden» soň nobatdaky uly taslamasy bolar. Treýlerden görnüşi ýaly, tomaşaçylara gönüden-göni düşüriş meýdançasynda wizual effektlere üns bermek bilen döredilen uly taryhy film garaşýar.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....