Täze Zelandiýada önelgesiz hasaplanan seýrek takahe guşlaryndan nesil peýda boldy

  • şu gün 13:47
  • 1.2k+

Täze Zelandiýadaky goraghanada uçmaýan we ozal önelgesiz hasaplanan seýrek takahe guş jübüdi garaşylmadyk ýagdaýda jüýje çykardy. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär.

Bendigo atly erkek we Beýtaa atly urkaçy guş iki ýyl ozal goraghana köpelmeýän jübüt hökmünde getirilipdi. 2024-nji ýylda şowsuz höwürtgelemeden soň ekologlar nesliň peýda bolmagyna bolan bar umydy ýitirdi. Ýöne oktýabrda urkaçy guşuň özüni alyp barşy birden üýtgedi, soňra gözegçilik kameralary otlukda guş çagasynyň hereketini we seslerini ýazga aldy.
Takahe suw towuklary maşgalasynyň uly wekillerine degişli. Bu görnüş XX asyryň başyndan 1948-nji ýyla çenli ýiten diýlip hasaplanypdy. Şol ýyl Täze Zelandiýanyň daglarynda olaryň populýasiýasy tapyldy we gorag astyna alyndy. Häzirki wagtda dünýäde bu guşlaryň sany 500 töweregi. Görnüşiň her täze wekili genetiki köpdürlüligi giňeltmek we populýasiýany getirilen ýyrtyjylaryň täsirinden goramak üçin möhümdir.


27.05.2025 13:18
5.4k+

Täze Zelandiýa başlangyjy kosmos uçuşlary üçin niýetlenen gaýtadan ulanylýan raketoplany satyp başlady

Täze Zelandiýanyň Dawn Aerospace kompaniýasy uçarmansyz, gaýtadan ulanylýan Aurora raketoplany üçin sargytlary kabul edip başlady. Apparat kosmosa az mukdardaky ýüki çykarmak üçin niýetlenendir diýip, Space News habar berýär...

22.06.2024 19:10
7.7k+

Täze Zelandiýada iň gadymy deňiz hažžygynyň galyndylary tapyldy

Täze Zelandiýada Günorta ýarymşarynyň deňiz süýrenijileriniň ähli galyndylaryndan 40 million ýyl uly bolan notozawryň galyndylary tapyldy. Tapyndynyň 40 ýyl mundan ozal tapylandygy bellenip geçilýär, ýöne onuň...

19.10.2021 18:21
4.5k+

Dünýädäki ilkinji agaç hemrasynyň uçurylyşy yza süýşürildi

Dünýädäki ilkinji agaç hemrasy WISA Woodsat-yň Ýeriň orbitasyna uçurylyşy agajy gaýtadan işleýän UPM kompaniýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň ahyryndan 2022-nji ýylyň birinji ýarymyna süýşürildi. Bu barada kompaniýanyň...

16.08.2021 17:09
15k+

Täze Zelandiýanyň suwlarynyň astynda sekizinji yklym ýüze çykaryldy

2017-nji ýylda 11 sany täze zelandiýaly geolog suwuň astynda galan täze yklymy - Zelandiýany tapandyklaryny mälim edipdiler. Ýakynda bolsa alymlar bu çaklamany tassyklaýan subutnamany ýüze çykardylar. Bu barada...