Täze Zelandiýada iň gadymy deňiz hažžygynyň galyndylary tapyldy

  • 22.06.2024 19:10
  • 7.8k+

Täze Zelandiýada Günorta ýarymşarynyň deňiz süýrenijileriniň ähli galyndylaryndan 40 million ýyl uly bolan notozawryň galyndylary tapyldy.

Tapyndynyň 40 ýyl mundan ozal tapylandygy bellenip geçilýär, ýöne onuň gelip çykyşyny gözlegçiler ýaňy kesgitlediler.
Notozawryň oňurgasy Harper dagynyň eteginde tapyldy, bu bolsa notozawrlaryň ekwatoryň golaýynda döräp, soňra demirgazyga we günorta ýaýrandygy baradaky teoriýany goldaýar. Munuň subutnamasy ýörite ewolýusiýa modeliniň kömegi bilen alyndy.
Paleontolog Hemiş Kempbelliň pikiriçe, notozawrlar iň gadymy dinozawrlardan millionlarça ýyl ozal ýaşapdyrlar. Şeýle hem, tapylan köp sanly galyndylary göz öňüne tutmak bilen, şol döwürdäki gadymy jandarlaryň beýleki galyndylarynyň Täze Zelandiýada we Günorta ýarymşarynyň beýleki sebitlerinde tapylyp bilinjekdigini aýtdy.


düýn 10:51
810

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.7k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.8k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....