Türkmenistanly okuwçylar Panamada geçiriljek «Robotlaryň olimpiadasyna» ugradylar

  • 27.10.2025 16:42
  • 6.7k+

Türkmen mekdep okuwçylary robototehnika boýunça halkara derejeli abraýly bäsleşik hasaplanýan "First Global Challenge 2025" ýaryşyna gatnaşarlar. «Robotlaryň Olimpiadasy» diýlip hem atlandyrylýan bu ýaryş 29-njy oktýabrdan 1-nji noýabra çenli Panamada geçirilip, dünýäniň 190 döwletinden gatnaşyjylary bir ýere jemlär.

Türkmenistana bu bäsleşikde «Oguzrobot» topary wekilçilik eder. Ol Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçylaryndan düzüldi. Toparyň düzümine: Ysmaýyl Çaryýew, Emirhan Gylyçmuhammedow, Aznawur Çolukow, Şirmuhammet Gulow, Gurbangeldi Orazgeldiýew girýär. Topara tejribeli mugallym Myrat Sähetgulyýew ýolbaşçylyk edýär. 

Soňky birnäçe aýyň dowamynda okuwçylar «Kämil Bilim» bilim merkezinde bäsleşige işjeň taýýarlandylar. Olar robotyň gurluşyny işläp düzdüler, programma üpjünçiligini taýýarladylar we giňişleýin synaglaryny geçirdiler.
Mugallym Myrat Sähetgulyýew topara gatnaşyjylarynyň taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny aýdyp, oňyn netijelere umyt bildirdi.

«Bu bäsleşik ýaşlarymyz üçin halkara tejribesini artdyrmaga, döredijilik we inženerçilik başarnyklaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär» — diýip, ol belledi.

First Global Challenge Olimpiýa oýunlaryny ýada salýan formatda geçirilip, dünýäniň dürli künjeginden ýaşlary birleşdirýär. Bu ýylky bäsleşigiň temasy ekoulgam durnuklylygyna bagyşlanyp, ekologik meseleler boýunça innowasion çözgütleri hödürlemäge gönükdirilýär.


düýn 23:37
1.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.6k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 17:37
2.3k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......