Mýanmada molýuskalaryň iki täze görnüşi tapyldy

  • 29.10.2025 10:52
  • 2k+

Halkara alymlar topary Mýanmada süýji suwda ýaşaýan korbikul (Corbicula) tohumyna degişli molýuskalaryň iki täze görnüşini we sferokorbikul (Sphaerocorbicula) atly täze kiçi tohumy ýüze çykardylar. Şeýlelikde, tohumyň doly klassifikasiýasy täzeden anyklandy. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň degişli institutynyň müdiri Ýuliýa Bespalaýa habar berdi.

Korbikullar täze suw howdanlaryna ornaşanda ýerli haýwanlara zyýan ýetirip bilýän agressiw görnüşler hasaplanýar. Barlaglaryň dowamynda genetiki we morfologiki maglumatlaryň esasynda Corbicula tohumynyň azyndan 27 görnüşiniň bardygy tassyklanyldy.
Täze kiçi tohum Mýanmada ýaşaýan endemik görnüşleri öz içine alýar:

  • Corbicula bilini
  • Corbicula lemroae
  • Şeýle hem öň başga maşgala degişli hasaplanan Corbicula avana.

Alymlar korbikullaryň köpeliş strategiýalarynyň çylşyrymlydygyny, şol sanda androgehneziň – ösüşiň diňe erkek ýadrosy arkaly dowam edýändigini hem belläp geçdiler.
Iş genetiki we morfologiki barlag usullary esasynda alnyp baryldy. Bu täze çemeleşme dünýä alymlaryna korbikullaryň inwaziw görnüşlerini has takyk klassifikasiýa etmäge mümkinçilik berer.
Barlagyň netijeleri Zoologica Scripta žurnalynda çap edildi. Işe Russiýadan, Azerbaýjandan, Wýetnamdan, Hindistandan, Marokkodan, Mýanmadan we Özbegistandan alymlar gatnaşdylar.


şu gün 10:01
1.9k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

düýn 19:32
2.3k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......