Ylmy barlaglaryñ netijesi: Tokaýlar bagtly bolmaga we durmuşdan kanagatlanmaga täsir edýär

  • 27.10.2025 00:07
  • 4.4k+

Soňky ýyllarda dünýäniň iň bagtly ýurtlarynyň sanawynda Finlýandiýa yzygiderli birinji orunda durýar. Şol bir wagtda ol Ýewropanyň iň tokaýly ýurtlarynyň biridir. Bu ýagdaý halkara alymlaryň ünsüni özüne çekdi — olar finleriň gündelik durmuşynda tokaýlaryň bagt duýgusyna gönüden-göni täsir edýändigini anykladylar. Barlag Phys.org neşirinde çap edildi.

Umumy milli pikir soraşma müňe golaý adam gatnaşdy. Olardan tokaýlaryň haýsy aýratynlyklarynyň we olar bilen gatnaşygyň nädip şatlyk we kanagatlanma döredýändigi soraldy. Alnan maglumatlaryň esasynda alymlar “tokaý bagty” diýen düşünjäni döretdiler. Bu düşünje tokaý gurşawyna bagly bolan pursatlaýyn şatlyk duýgularyny hem-de has çuň manyly durmuş kanagatlanmasyny öz içine alýar.

«Gatnaşyjylaryñ 64 göterimi tokaýlar bilen arabaglanyşygy bolmadyk halatynda  durmuşynda bagtlylyk duýgusynyñ pese dũşjekdigini aýtdylar» diýip, barlagyň ýolbaşçysy — Gündogar Finlýandiýanyň Uniwersitetiniň Tokaý ylymlary mekdebiniň doktoranty Sýamili Manoy Santi belläp geçdi.

Alymlar finleriň arasynda “tokaý bagtynyň” üç esasy çeşmesini anykladylar:

  1. Tebigatyň el degmedik tokaýlary bilen çuň emosional baglanyşyk.
  2. Dolandyrylýan tokaýlarda agaçlaryň, miweleriň we kömelekleriň ýygnalmagy ýaly fiziki işjeňlikler.
  3. Tokaý gurşawynda bolmak we tebigaty synlamak.

Santiniñ aýtmagyna görä: “Adamlar tokaýlaryň tebigy ýagdaýy bilen arabaglanyşykdan hem-de şol ýerlerde edýän işleri arkaly kanagatlanma duýýarlar. Şatlyk pursatlary, köplenç, tokaýda işjeň hereketlerden — miwe ýygnamakdan ýa-da gezelençlerden — ýüze çykýar.”
Barlag şeýle hem tokaý bilen gatnaşygyň bagt derejesini peseldýän faktorlary ýüze çykardy: aşa köp agaç kesmek, hapa taşlamak, biologiki dürlüligiň ýitmegi we ýerleriň maksatsyz ulanylmagy adamlarda ekologiýa aladalaryny döredip, olaryň ruhy ýagdaýyna ýaramaz täsir edýär.
Alymlar bu meseleleri şäher giňişliklerini we tokaý syýasatyny meýilleşdirmekde göz öňünde tutmagy maslahat berýärler. Ilatyň abadançylygyna iň oňyn täsir şonda gazanylýar — adamlaryň tokaýlar bilen arabaglanyşygyny, tebigat bilen özara täsirleşiş usullaryny we halaýan tokaý görnüşlerini nazara almak zerurdyr.


şu gün 10:53
939

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....