Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistan we Çandybil şaýollarynyň aýlawly çatrygynyň döwrebaplaşdyrylyşy bilen tanyşdy

  • 25.10.2025 09:37
  • 12k+

24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Bitarap Türkmenistan we Çandybil şaýollarynyň aýlawly çatrygyna baryp gördi. Häzirki döwürde bu ýerde döwrebaplaşdyryş işleri batly depginlerde alnyp barylýar.

Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan işler we häzirki döwürde onuň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berildi.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli künjekleriniň we paýtagtymyzyň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegi, aýratyn-da, köp zolakly ýollaryň gurluşyklarynyň ýokary hilli bolmagy ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şu günler paýtagtymyzyň Bitaraplyk binasyna barýan şaýoluň aýlawly çatrygynyň çäginde degişli nyşanlaryň ýerleşdirilmegine, onuň bezeg aýratynlyklaryna we yşyklandyryş ulgamyna toplumlaýyn esasda çemeleşilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow aýlawly ýoluň bezeg aýratynlyklarynyň onuň ähmiýetine laýyk gelmelidigine ünsi çekip, bu ýerde türkmen Bitaraplygyna degişli nyşanlaryň, BMG-ä agza ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet tugunyň we BMG-niň baýdagynyň oýlanyşykly ýerleşdirilmelidigini aýtdy.
Bu künjegiň taryhy ähmiýeti bolan mukaddes ýere öwrülýändigini nazara almak bilen, dünýä ýurtlarynyň Döwlet baýdaklarynyň we Türkmenistanyň hem-de BMG-niň baýdaklarynyň ýerleşdirilmeginiň we beýleki syýasy gymmatlyklaryň döredilmeginiň bu ýerleriň derejesini we ähmiýetini belende göterýändigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp meýdançada Hormat garawulynyň esgerleriniň nobatçylygynyň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk maslahatlaryny berdi.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň durmuşynda syýasy ähmiýeti bolan halkara çäreleri guramaçylykly geçirmek we dabaranyň maksatnamasyny taýýarlamak babatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy R.Bazarowa hem-de Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa degişli maslahatlary berdi. Taýýarlanylan teklipleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň makullan halatynda degişli taýýarlyk işlerine girişilmelidir.
Şunda ýurdumyzda geçirilýän dabaralara we halkara maslahata gatnaşýan myhmanlaryň ähli çärelere işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek meselelerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu işleriň ýokary guramaçylyk derejesini ýola goýmak babatda bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyna ünsi çekdi.
Şol bir wagtyň özünde, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden ynsanperwerlik ýörelgelerini, parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary esasy ugur edinýän ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň derejesiniň aýdyň nyşany bolan kaşaň binanyň döwrebaplaşdyrylmagynda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary ulanylmalydyr. Binanyň reňk sazlaşygynda ýurdumyzyň bitaraplyk ýörelgeleriniň baş mazmuny we BMG-niň degişli nyşanlary öz beýanyny tapmalydyr.


14.05.2026 19:01
1.7k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

12.05.2026 20:15
1.9k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......