Dünýägözel Gulmanowa Moskwada RF-niň Federasiýa Geňeşiniň we Döwlet Dumasynyň başlyklary bilen duşuşdy

  • 23.10.2025 22:28
  • 12k+

20-22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasynda resmi sapar bilen boldy.

21-nji oktýabrda wekiliýetiň agzalary Kreml diwarynyň ýanyndaky Näbelli esgeriň guburyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar hem-de “Moskwa Kremli” döwlet taryhy-medeni muzeý-goraghanasyna baryp gördüler.
Şol gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.A.Gulmanowa bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.I.Matwiýenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň ähmiýeti nygtaldy. Ol konstruktiw parlamentara gatnaşyklaryny we umuman döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirlendir.
Ikitaraplaýyn esasda döredilen parlament dostluk toparlary kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak hem-de parlament diplomatiýasyny ösdürmek üçin mümkinçilikleri artdyrýar. Şunuň bilen bir hatarda, parlamentiň agzalary parlamentara dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmek, ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak meselelerine garadylar.
Parlamentleriň ýolbaşçylary gatnaşyklaryň bar bolan mümkinçiliklerini herekete girizmäge hem-de däp bolan netijeli gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigini belläp, anyk teklipleriň birnäçesini beýan etdiler.

Gepleşikleriň ahyrynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi.
22-nji oktýabrda D.A.Gulmanowa bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy W.W.Wolodiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Parlamentara hyzmatdaşlygyna iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasyndaky özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm guraly hökmünde garalýandygy nygtaldy. Şunda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň we kabul edilen çözgütleriň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegi üçin bu ugry ösdürmegiň zerurdygy bellenildi.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda taraplar şu gezekki duşuşygyň parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmek we ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etjekdigini nygtadylar.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
759

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......