Donald Tramp Serdar Berdimuhamedowy Ak tamda geçiriljek duşuşyga çagyrdy

  • 28.10.2025 11:28
  • 14k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy C5+1 sammitine gatnaşmak üçin çagyrdy. Çakylygyň teksti metbugatda çap edildi.

"Men Sizi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň beýleki döwlet Baştutanlary bilen bilelikde Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin 2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Ak tamda geçiriljek duşuşyga çagyrýaryn. Duşuşygyň dowamynda ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşarys. Biziň bilelikde ýokary sepgitlere ýetjekdigimize ynanýaryn.
Sizi Ak tamda kabul etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn" diýlip, hatda aýdylýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 6-njy noýabrda Waşington şäherinde Merkezi Aziýanyň hem-de ABŞ-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň geçiriljkdigini we oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşjakdygyny tassyklady.


şu gün 12:31
388

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
311

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
650

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 11:27
1.9k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......