Alymlar guşlaryň köplenç haýsy ulaglary "hapalaýandygyny" anykladylar

  • 25.10.2025 17:18
  • 14k+

Awtoulagyň guşlar tarapyndan hapalanmagy sürüjileriň aglabasynyň başyndan geçiren ýagdaýydyr. Görlüp oturylsa, bu diňe tötänlik däl eken. ABŞ-nyň Wirjiniýa ştatyndaky Alan’s Factory kompaniýasynyň barlagçylary geçiren gözlegleriniň netijesi boýunça, guşlaryň ulag saýlamagynda belli bir kanunalaýyklyk bar.

Ilki bilen barlagçylar müňlerçe sürüjiniň arasynda pikir soraşma geçirdiler we ornitologlaryň maglumatlaryna ýüzlendiler. Netije şeýle boldy:
Has ýygy nyşana alynýan ulaglar:
Birinji ýerde Ram pikaplary durýar. Soňra Jeep, Chevrolet, Nissan we Dodge gelýär.

Reňk tapawudy boýunça:
Guşlar köplenç goňur, gyzyl we gara reňkli awtoulaglaryň üstüne nejasat taşlaýarlar.
Ak we kümüşsöw reňkli ulaglar bolsa has seýrek “hüjüm edilýänler”.

Alymlar muny guşlaryň reňkleri başgaça görýändigi bilen düşündirýärler — doýgun we garaňky reňkler olara has özüne çekiji bolup görünýär.
Pikir soraşmanyň beýleki netijeleri:

  • 58% sürüji ulaglarynyň günde bir gezekden hem ýygy hapalanýandygyny aýtdy.
  • 11% ulagyň reňk örtügine zeper ýetýändigini belledi.
  • 30% sürüjiniň pikiriçe, guşlar “olaryň ulagyny ýörite saýlaýar”. Bu pikiri köplenç Lexus (47%), Tesla (39%) we Dodge (35%) sürüjileri aýtdylar.

Guşlaryň “hüjümleri” sürüjileriň gündelik durmuşyna-da täsir edýän eken:

  • 6% sürüji ulagynyň hapalanmagy sebäpli iş-aladasyny soňa goýupdyr.
  • 14% sürüji ulagyna münende ýa-da düşende özleriniň hem “nyşana alnandygyny” habar berdi.
  • 57% ulagyny tölegli awtoýuwalgada arassalamaly bolýar.
  • 38% bolsa ulagy agaçlardan we elektrik simlerinden uzakda goýmagy endik edinen.

Hünärmenler nejasaty maşynyň kuzowynda uzak galdyrmazlygy maslahat berýärler. Ony çalt arassalamak lak we boýag örtügini goramaga kömek edýär. Şeýle hem mümkin boldugyndan, ulagy guşlaryň az toplanýan ýerinde goýmak ýerlikli bolar.

düýn 12:20
2.5k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.4k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.1k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

18.06.2026 10:58
3.6k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......