Täze Zelandiýa başlangyjy kosmos uçuşlary üçin niýetlenen gaýtadan ulanylýan raketoplany satyp başlady

  • 27.05.2025 13:18
  • 5.5k+

Täze Zelandiýanyň Dawn Aerospace kompaniýasy uçarmansyz, gaýtadan ulanylýan Aurora raketoplany üçin sargytlary kabul edip başlady. Apparat kosmosa az mukdardaky ýüki çykarmak üçin niýetlenendir diýip, Space News habar berýär.

Adaty çemeleşmeden tapawutlylykda, kompaniýa müşderilere diňe bir uçurmak bilen bagly hyzmatyny teklip etmän, eýsem raketoplanyň özüni hem satyn almak mümkinçiligini hödürleýär. Bu çözgüt öz uçuryş serişdelerini ulanmak isleýän guramalara gönükdirilendir.
Aurora 100 kilometr belentlikde ýerleşýän Ýeriň atmosferasy bilen kosmosyň arasyndaky adaty araçäk bolan Karman çyzygynyň aňyrsyna alty kilograma çenli ýüki eltip biler.
Raketoplan zerur uçuş synaglarynyň ählisinden geçdi. 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Mark 2 modifikasiýasy ilkinji sesden ýyndam uçuşyny üstünlikli tamamlady.
Aurora ýylda 100-e çenli uçuşy amala aşyryp biler diýlip garaşylýar. Apparatyň umumy gory - 1000 gezege çenli uçurylyp bilner.
Raketoplany 2027-nji ýylda iberip başlamak meýilleşdirilýär.


düýn 10:51
806

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

02.06.2026 12:47
6.1k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......