Biologlar gurbaganyň çagasyny arkasynda göterýän täze görnüşini tapdylar

  • 07.04.2026 19:02
  • 5.3k+

Demirgazyk Peruwyň daglarynda gurbaganyň Gastrotheca mittaliiti diýlip atlandyrylan, torbaly täze görnüşi tapyldy we beýan edildi. Olaryň tapawutly aýratynlygy çagalaryny arkasyndaky ýörite deri torbada göterýänligidir diýip, Täze Zelandiýanyň Zootaxa ylmy žurnalynda aýdylýar.

Bu barlag Florida Halkara uniwersitetiniň we Ispaniýanyň Sewilýa uniwersitetiniň ylmy-barlag bölümleri bilen hyzmatdaşlykda geçirildi.

Açyş deňiz derejesinden 3300 metrden gowrak belentlikde, Amasonas beýik daglyk sebitinde edildi.

Täze görnüş paramo görnüşli ekoulgamlarda — temperaturanyň birden üýtgeýän sowuk, çygly ýerlerinde ýaşaýar. Uly görnüşleriniň uzynlygy 27–33 mm, esasan ýaşyl reňkde bolýar we derisiniň özboluşly gasynlary bar.

Bu görnüşiň esasy biologik aýratynlygy ene gurbagalarda çaga torbasynyň bolmagydyr. Tohumlandyrylandan soň, ýumurtgalar şol haltanyň içinde ösýär, bu bolsa embrionlaryň goragly gurşawda ösmegine mümkinçilik berýär we olaryň suw howdanlaryna garaşlylygyny hem-de ýyrtyjylar topulanda töwekgelçiligi azaldýar.

Molekulýar genetiki seljerme görnüşiň garaşsyzlygyny tassyklady we onuň Gastrotheca marsupiata topary bilen ýakyn baglanyşygynyň bardygyny görkezdi. Onuň ýakynda açylandygyna garamazdan, alymlar görnüşiň örän çäkli ýaýrawy we adam işjeňligi hem-de howanyň üýtgemegi sebäpli ýaşaýyş gurşawynyň zaýalanmak howpunyň bardygyna görä, ony eýýäm ýok bolup gitme howpunyň abanýan görnüş hökmünde klassifikasiýa edýärler.


düýn 10:51
810

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.7k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.8k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....