Dünýädäki ilkinji agaç hemrasynyň uçurylyşy yza süýşürildi

  • 19.10.2021 18:21
  • 4.4k+

Dünýädäki ilkinji agaç hemrasy WISA Woodsat-yň Ýeriň orbitasyna uçurylyşy agajy gaýtadan işleýän UPM kompaniýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň ahyryndan 2022-nji ýylyň birinji ýarymyna süýşürildi. Bu barada kompaniýanyň saýtynda habar berilýär diýip, rossaprimavera.ru belleýär.

Möhletiň yza süýşürilmegi Halkara radiosöýüjiler birleşiginden (IARU) ygtyýarnama almak meselesi bilen baglanyşykly boldy. 

“IARU hemranyň esasy missiýasynyň radiosöýüjileriň işi bilen baglanyşykly bolmandygy sebäpli, kompaniýanyň hemra bilen aragatnaşyk saklamak üçin höwesjeň radio ýygylyklaryny ulanmak baradaky arzasyny ret etdi” – diýlip, habarda aýdylýar.

Kompaniýanyň bellemegine görä, hemrany dörediji Arctic Astronautics, şeýle-de raketa göterijisini öndüriji Rocket Lab “uçuş wagtynyň mümkin boldugyndan çalt bolmagyny üpjün etmek üçin” çäreleri görer.

Ýatlap geçsek, agramy bir kilograma barabar bolan WISA Woodsat nanohemra bolup, onuň kosmosdaky hereketine iki kamera bilen gözegçilik ediler. 9 sany gün batareýasy bolsa enjamy energiýa bilen üpjün eder. Ony Täze Zelandiýadan uçurmak meýilleşdirilýär.


27.05.2025 13:18
5.3k+

Täze Zelandiýa başlangyjy kosmos uçuşlary üçin niýetlenen gaýtadan ulanylýan raketoplany satyp başlady

Täze Zelandiýanyň Dawn Aerospace kompaniýasy uçarmansyz, gaýtadan ulanylýan Aurora raketoplany üçin sargytlary kabul edip başlady. Apparat kosmosa az mukdardaky ýüki çykarmak üçin niýetlenendir diýip, Space News habar berýär...

22.06.2024 19:10
7.6k+

Täze Zelandiýada iň gadymy deňiz hažžygynyň galyndylary tapyldy

Täze Zelandiýada Günorta ýarymşarynyň deňiz süýrenijileriniň ähli galyndylaryndan 40 million ýyl uly bolan notozawryň galyndylary tapyldy. Tapyndynyň 40 ýyl mundan ozal tapylandygy bellenip geçilýär, ýöne onuň...

16.08.2021 17:09
14k+

Täze Zelandiýanyň suwlarynyň astynda sekizinji yklym ýüze çykaryldy

2017-nji ýylda 11 sany täze zelandiýaly geolog suwuň astynda galan täze yklymy - Zelandiýany tapandyklaryny mälim edipdiler. Ýakynda bolsa alymlar bu çaklamany tassyklaýan subutnamany ýüze çykardylar. Bu barada...

şu gün 14:13
3.3k+

Müsürde ýitirilen gadymy Imet şäheri tapyldy: ol ýerde birwagtlar köp gatly jaýlar bolupdyr

Arheologlar Müsüriň gadymy Tanis şäherinden 10 km uzaklykda, Nil deltasynyň golaýynda ýitirilen Imet şäheriniň üstüni açdy. Gazuw-agtaryş işleri Mançester uniwersitetinden Müsüri öwrenýän alym Niki Nilseniň ýolbaşçylygynda geçirildi diýip, Daily Mail habar berýär...