Disney Ridli Skottyň «Köpek ýyldyzlar toplumynyň» premýerasyny tomsuň ahyryna geçirdi

  • 25.12.2025 13:08
  • 854

Walt Disney Pictures studiýasy 2026-2027-nji ýyllar üçin relizleriň senenamasyna gaýtadan seredip, birnäçe uly taslamalaryň çykjak senelerini üýtgetdi diýip, The Hollywood Reporter ýazýar.

Täze tertip boýunça, Ridli Skottyň «Köpek ýyldyzlar toplumy» (Созвездие Пса) atly ylmy-fantastik filmi ABŞ-da, ozal meýilleşdirilişi ýaly, 27-nji martda däl-de, 28-nji awgustda çykar.
Filme Jeýkob Elordi, Margaret Kuolli, Joş Brolin we Gaý Pirs gatnaşdy. Film Piter Helleriň 2012-nji ýyldaky «Köpek ýyldyzlary» romanyna esaslanýar. Film adamzadyň aglaba bölegini ýok eden näbelli wirus epidemiýasyndan soň geljekdäki wakalary beýan edýär. Baş gahryman Hig atly uçarman bolup, ol Koloradodaky taşlanan howa menziliniň angarynda iti bilen ýaşaýar. Radiosignaly eşidip, ol diri galanlaryň gözlegine ugraýar.
Üýtgeşme beýleki relizlere-de täsir etdi. Mysal üçin, Pixar-yň «Gatto» multfilmi 2027-nji ýylyň 17-nji iýunyndan 5-nji martyna geçirildi. Taslama barada ozal Pixar-yň döredijilik müdiri Piter Dokter Ansidäki animasion kino festiwalynda aýdypdy.
Mundan başga-da, «Men gözlemäge başlaýaryn 2» (Я иду искать 2) horrory iki hepde ir – 2026-njy ýylyň 10-njy apreliniň deregine 27-nji martynda çykar.  


düýn 10:41
1.4k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.3k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.8k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....