«Gaty geň zatlar» Netflix-iň iň meşhur serialy boldy, ol «Kalmar oýnundan» öňe geçdi

  • 25.12.2025 14:14
  • 6.1k+

«Gaty geň zatlar» (Очень странные дела) serialy umumy tomaşa sany boýunça Netflix-iň taryhynda iň meşhur taslama boldy. Bäşinji möwsümiň jemleýji bölümleri çykmazdan öň, umumy tomaşa sany 1,2 milliarddan geçdi diýip, Variety habar berýär.

Doganlar Dafferiň taslamasy strimingiň «Kalmar oýny» we «Uensdeý» ýaly meşhur seriallaryndan öňe geçdi. Şol bir wagtyň özünde, bu seriallaryň käbir möwsümleri häzirem tomaşaçylar tarapyndan dowamyna garaşyp, işjeň gaýtadan görlen «Gaty geň zatlaryň» dördünji möwsüminden has ýokary netijeleri görkezýär.
Belläp geçsek, Netflix tomaşa sanyny adatydan üýtgeşik hasaplaýar: umumy tomaşa wagty serialyň doly dowamlylygyna bölünýär.
Ahyrky möwsüm üç tapgyrda çykýar: ilkinji dört bölüm 26-njy noýabrda elýeterli boldy, ýene üçüsi 25-nji dekabrda, jemleýji bölüm bolsa 31-nji dekabrda çykar.
Bäşinji möwsümiň wakalary 1987-nji ýylda bolup geçýär. Hokins şäheri harby gözegçiligiň astynda bolýar, baş gahrymanlar bolsa Wekna bilen aýgytly göreşe taýýarlanýar.
Möwsümiň birinji bölegi bäş günde 59,6 mln tomaşa ýygnady – bu Netflix-iň iňlis dilindäki seriallarynyň arasynda iň gowy başlangyçdyr.
Şol bir wagtyň özünde, «Keý-pop melgun awçylary» multfilmi 500 mln tomaşaçy görkezijisine ýetdi. Bu Netflix-iň iň köp görlen doly metražly taslamasy boldy. Multfilm ýarym milliard auditoriýa görkezijisini çykanyndan bäş aýdan soň diýen ýaly gazandy.  


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....