Apple täze MacBook Pro M5-de batareýany çalşyrmagy aňsatlaşdyrdy

  • 25.12.2025 12:10
  • 1.4k+

Apple kompaniýasy öz enjamlarynyň abatlanmaga bolan ukybyny (repairability) ýokarlandyrmagyny dowam etdirýär. M5 kristaldaky ulgamyna (SoC) esaslanýan täze MacBook Pro modelinde akkumulýatory çalşyrmak prosesi ep-esli ýönekeýleşdirildi.

Mundan ozal batareýany ele almak üçin birnäçe içerki modullary sökmek gerekdi. Indi bolsa noutbugyň aşaky gapagyny aýyrmak we batareýany dolandyryş blogunynyň kabellerini aýyrmak ýeterlikdir. Bu bolsa abatlaýyş işleriniň sanyny azaldýar we onuň çylşyrymlylygyny peseldýär.
Şol bir wagtyň özünde, Apple enjamlara hyzmat etmegiň esasy tapgyrlaryny ädimme-ädim düşündirýän resmi abatlaýyş gollanmalaryny yzygiderli çap etmegini dowam etdirýär.
Gurluş we abatlaýyş çemeleşmesindäki bu üýtgeşmeler, Ýewropa Bileleşiginiň öndürijileri ykjam enjamlarda akkumulýatorlary çalşyrmagy aňsatlaşdyrmaga borçly edýän kanunyny kabul edenden soň, kompaniýanyň täzelenen syýasatynyň bir bölegine öwrüldi. Täze MacBook Pro M5 kadalaşdyryjy talaplaryň iş ýüzündäki inženerçilik çözgütlerine nähili täsir edýändiginiň aýdyň mysaly boldy.


07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.2k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...