Variety neşiriniň tankytçylary 2025-nji ýylyň iň ýaramaz filmleriniň sanawyny düzdi

  • 25.12.2025 13:44
  • 5.3k+

Variety neşiri 2025-nji ýylyň iň ýaramaz filmleriniň sanawyny hödürledi. Reýting kino tankytçylary Ouen Glaýberman we Piter DeBrýuž tarapyndan düzüldi. Olaryň hersi öz garaýyşlary boýunça iň şowsuz bolan relizleriň «bäşligini» taýýarlady.

Oeun Glaýbermanyň sanawyna režissýor Ron Howardyň «Edem» filmi, Emma Tamminiň «Freddi bilen bäş gije 2» (Пять ночей с Фредди 2) sikweli, Mona Fastwoldyň «Anna Liniň wesýetnamasy» (Завещание Анны Ли) mýuzikli, Treý Edward Şulsyň «Soňky ertir» (Последнее завтра) filmi, şeýle-de Ronan Deý-Lýuisiň «Anemon» filmi girdi. Soňky filmde 8 ýyl arakesmeden soň aktýorlyk oýnuna «Oskar» baýragynyň üç gezek eýesi Deniel Deý-Lýuis gaýdyp geldi. Bu film onuň oglunyň režissýor hökmünde ilkinji işi boldy.
Piter DeBrýužyň pikiriçe, Maýk Fleneganyň «Çakyň durmuşy» (Жизнь Чака) filmi, doganlar Russo tarapyndan düşürilen «Elektrik ştat» (Электрический штат) taslamasy, režissýor Riç Liniň «Dünýäleriň urşy» (Война миров) filmi (prodýuser Timur Bekmambetow), Dýuk Jonsonyň «Aktýor» dramasy we Stiwen Soderbergiň «Barlyk» (Присутствие) horrory şowsuz çykdy.
Gyzykly ýeri, käbir abraýly tankytçylar Stiwen Kingiň powestine esaslanýan «Çakyň durmuşy» fentezi dramasyny «ajaýyp eser» we «taryhda iň çuňňur we owadan filmleriň biri» diýip atlandyrýar.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....