Amerikaly bir adam lotereýada 1,8 milliard dollardan gowrak utdy, emma bu şonda-da rekord däl

  • 26.12.2025 12:11
  • 13k+

ABŞ-nyň Arkanzas ştatynyň ýaşaýjysy "Powerball" lotereýasynda 1,817 milliard dollar utdy. ABC News teleýaýlymynyň habar bermegine görä, bu ABŞ-nyň lotereýa taryhyndaky ikinji iň uly utuşdyr.

Jekpoty anyklamak mümkinçiligi 292 milliondan bire deňdir. Ýeňiji öz biletini Roždestwo utuşy üçin satyn alypdyr we 4, 25, 31, 52 hem-de 59 sanlaryny saýlapdyr — sanlaryň hemmesi utuşly sanlar bilen gabat gelipdir.
Indi ýeňiji baýragy almagyň iki usulynyň birini saýlamaly: ýa-ha göni nagt görnüşinde 834,9 million dollar almaly, ýa-da tutuş puly 30 ýylyň dowamynda aýlyk tölegler görnüşinde bölekleýin almaly.
Bu utuş şu ýylyň dowamynda 1 milliard dollar çäginden geçen ikinji uly utuş boldy. Sentýabr aýynda "Powerball" lotereýasynyň iki petegi öz eýelerine 1,787 milliard dollar getiripdi we bu görkeziji amerikan lotereýa taryhynda üçünji orny eýeläpdi.
Lotereýa taryhyndaky absolýut rekord 2022-nji ýylda hasaba alyndy. Şonda Kaliforniýanyň ýaşaýjysy Edwin Kastro 2,04 milliard dollar utup, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol puluň 997,6 million dollaryny birbada nagt görnüşinde almagy saýlady. Kastro bir ýylyň dowamynda Los-Anjelesde birnäçe kaşaň jaýlary satyn aldy, olaryň iň gymmadynyň bahasy 47 million dollara deňdir.


düýn 12:34
1.3k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
16k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....