“Mekan” köşgünde Türkmenistanyň 2025-nji ýylda gazanan üstünliklerine bagyşlanan dabara geçirildi

  • 26.12.2025 09:45
  • 5.8k+

25-nji dekabrda Aşgabatdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň guramagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary” atly dabara geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, dürli pudaklarda zähmet çekýän raýatlar, ýaşlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarow açdy.
Soňra Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri R.Meredow çykyş edip, 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň taryhynda, onuň döwletlilik ýörelgeleriniň, syýasy, ykdysady, durmuş ösüşiniň pugtalanmagynda möhüm tapgyr bolandygyny belledi. 2025-nji ýyl ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylan uly üstünlikler, ýetilen belent sepgitler barada belläp geçdi.
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylda Türkmenistan «Merkezi Aziýa +» dialogynyň işine-de netijeli gatnaşdy. Olaryň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Ýaponiýa, Ýewropa Bileleşigi, Italiýa Respublikasy ýaly ýurtlar bilen duşuşyklar geçirildi.
2025-nji ýylda ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gatnaşyklar hem-de özara saparlar işjeň dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlara döwlet, resmi we iş saparlarynyň 15-sini amala aşyrandygy, Gahryman Arkadagymyzyň hem 9 ýurtda saparda bolandygy, şol bir wagtda daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň Türkmenistana saparlarynyň 31-siniň guralandygy aýdyldy. 
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, Türkmenistanyň Gahrymany A.Ataýewa 2025-nji ýylyň dowamynda sebit we ählumumy derejede parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen köp sanly halkara ähmiýetli maslahatlaryň, ýokary derejeli forumlaryň we duşuşyklaryň guralandygyny, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilendigini belledi.
Dabaranyň barşynda şeýle hem BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ilçisi Bernd Haýns, Özbegistanyň ilçisi Rawşanbek Alimow, Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani çykyş etdiler.
Mundan başga-da, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň ýaşaýjysy B.Hojaberdiýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy Ç.Wekilowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby O.Sähetmyradow dagy çykyş etdi.
Çäräniň barşynda daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny hem-de ýurdumyzyň raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak dabarasy boldy.


şu gün 07:51
507

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.3k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
883

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......